Telekeçilik we ýaşlar

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Arassa nusga” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň şäher komitetiniň agzasy Aleksandr Petrosowyň gatnaşmagynda ýaşlary telekeçilige giňden çekmek meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Halkara ykdysady gatnaşyklary  fakulteti  tarapyndan guralan bu maslahata ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw  mekdebiniň “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalary we mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar “Döwrebap telekeçi” atly tema boýunça çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýaşlaryň telekeçilige giňden çekilýändigini, işewürligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigini  bellediler.

Maslahatda tejribe  alyşmakda we göni  işewürlik  gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, brifing maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar  ýaşlary telekeçilik işine  giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary  üçin  hormatly  Prezidentimize  alkyş  sözlerini  aýtdylar.

 

Resul GYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň I ýyl talyby.