HALYPA-ŞÄGIRTLIK DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaş žurnalistleriň hünär ukybyny kämilleşdirmek maksady bilen, halypa-şägirtlik duşuşygy geçirildi. Institutyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda geçirilen duşuşyga “РИА новости” Russiýa Döwlet habarlar agentliginiň, “Мир” Döwletara Teleradio kompaniýasynyň, “Frans-Press” Fransiýa Döwlet habarlar agentliginiň, “Türkmenistan” teleýaýlymynyň, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa Döwlet komitetiniň hem-de Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň wekilleri, institutyň mugallymlary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.

Ýokary guramaçylykly we erkin ýagdaýda geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş edenler geljekki halkaraçy hünärmenlere öz saýlap alan kärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary üçin bu ugurdan degerli maslahatlaryny berdiler. Duşuşygyň dowamynda ýaş žurnalistler özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen myhmanlara ýüzlendiler. Şeýle-de, duşuşykda halypalar öz çykyşlarynda häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmakda, ilki bilen, halkara žurnalistlerden edilýän talaplaryň örän ýokarydygyny, olardan has netijeli işlere garaşylýandygyny nygtap geçdiler.

Şeýle halypa-şägirtlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň öz hünärlerinden kämil baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir.


Tawus AKJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.