TÄZE OKUW ÝYLYŇYZ BILEN!

1-nji sentýabr. Bu gün çagalaryň we ýaşlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan günüdir. Ilkinji gezek mekdebe gadam basýan körpejeler, geljege ýol açýan ýokary okuw mekdepleriniň birinji ýyl talyplary üçin täze okuw ýylynyň başlanmagy özboluşly ajaýyp baýramçylyga öwrüldi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar bu ýyl hem ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde uly şatlyk-şowhuna beslendi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem aýratyn öwüşgine eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýewiň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen gutlagyny okamagy dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. Institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň çäklerinde institutda açylan täze ugurlar barada buýsançly çykyş etdi. Şeýle-de, institutyň professor-mugallymlaryny, talyp ýaşlaryny täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, uly üstünlikleri arzuw etdi. Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, ­Türk­me­nis­ta­nyň Adat­dan­ da­şa­ry ­we ­Do­ly ­yg­ty­ýar­ly­ il­çi­si ­Aman­gel­di ­Rah­ma­nowyň çykyşy talyp ýaşlary uly hyjuw bilen okamaga, döredijilikli gözleglere ruhlandyrdy.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmekde, halkara gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda alyp barýan syýasaty talyp bolmak bagtyna eýe bolan birinji ýyl talyplar tarapyndan baýramçylyk dabarasynda ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýada öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, täze zehinleri ýüze çykarmak ugrunda uly tagallalary edýän, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Täze okuw ýylyňyz gulty bolsun eziz mugallymlar, talyp deň-duşlar!


Aýlar ATAJYKOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.