“Talyp joşguny – 2021” atly döredijilik festiwaly

 2021-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda asylly däbe öwrülen “Talyp joşguny – 2021” atly döredijilik festiwaly dabaraly ýagdaýda geçirildi. Döredijilik festiwalyna Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

 “Talyp joşguny – 2021” atly döredijilik festiwalynyň ähli şertleri hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň esasynda taýýarlanyldy. Bu festiwal edebi sazly kompozisiýa, hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly eserinden taryhda uly yz goýan şahsyýetlerimiz barada taryhy sahna, “Yşk mülküniň şasy” hasaplanylýan Mollanepesiň “Hiç görmedim illerde” atly goşgusyny çeper okamak, institutyň talyp gyzlarynyň taýýarlan “Gözeller” atly tansy, degişme sahnasy, halk döredijiliginden bir parça şeýle-de, institutymyzyň höwesjeň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym bilen utgaşyp, şatlyk-şowhuna beslendi.


Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.