Suw — durnukly ösüşiň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýokary bilimiň ylmy binýadyny we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär we bu babatda ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň diplomatiýasyny ylmy taýdan içgin öwrenmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezini açmak baradaky Karara gol çekdi. Türkmenistanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň belent talaplaryna jogap berýän täze mazmunly hem-de işjeň häsiýetli diplomatiýasynyň emele gelmegi we onuň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde energetika, ulag, suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn halkara-hukuk binýadyny döretmekde aýgytlaýjy orun eýelemegi Merkeziň ulgamlaýyn işiniň esasyny düzýär.

Tassyklanan meýilnama laýyklykda degişli temalar boýunça umumy we söhbet sapaklary geçirilýär. Sapaklar interaktiw usulda prezentasiýalar hem-de wideoşekilli maglumatlary ulanmak arkaly alnyp barylýar. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, bu tapgyryň diňleýjilerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky komitetiniň wekiliniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň wekilleriniň şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda umumy hem-de söhbet sapaklary gurnalýar.

 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugry bolan “Suw diplomatiýasy” boýunça okuw merkezinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professory Italmaz Saparlyýew “BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynda suw üpjünçiligi meseleleri” atly tema bilen diňleýjileriň öňünde umumy sapagyny geçdi. Bu umumy sapagyna hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda çykaran Karary bilen 2021-2022-nji okuw ýylynda Sanly diplomatiýa, Halkara jemagat hukugy we Halkara hususy hukugy ugurlary boýunça okuwa kabul edilen magistrantlar hem gatnaşdy. Magistrantlaryň alyp barýan ylmy işleriniň arasynda ekologiýanyň, daşky gurşawyň halkara hukuk meselelerine bagyşlanan ylmy işleriň alnyp barylmagy, olar bilen sorag-jogaplaryň alynmagy bu günki okuw sapagynyň has hem gyzykly geçmegine ýardam berdi.

Umumy sapagyň dowamynda esasan hem suw, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri halkara gün tertibinde ygtybarly orun aldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018 — 2028-nji ýyllary «Suw — Durnukly ösüş üçin» atly Halkara hereketleriň onýyllygy diýip yglan etmegi hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni suw serişdeleriniň netijeli hem-de aýawly ulanylmagy bilen suw ýetmezçiligi, suw gytçylygy ýaly gaýragoýulmasyz meseleleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen döwlet wezipeleridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, suw ulgamyndaky ýöriteleşdirilen halkara guramalary barada okuw sapagynda giňişleýin gürrüň edildi.

Şeýle mazmunly, uly ähmiýetli sapaklaryň ýörite okuw merkezlerinde gurnalmagy hormatly Prezidentimiziň geljekki halkaraçy hünärmenlere bildirýän talaplaryny ödemekde hem-de talyplaryň geljekde öz ugrunyň ussat hünärmenleri bolup ýetişmekleri üçin, şeýle-de magistratura okuw maksatnamasynda okaýan magistrantlaryň alyp barýan ylmy işlerine uly badalga berdi.

Döredilip berilýän şeýle mümkinçilikler talyplaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri, öndürijilikli işlemekleri netijesinde öz şirin miwelerini berip başlar.

 

Ýakubmyrat AŞYROW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara 

 hususy hukugy ugrunyň magistranty.