SUW DIPLOMATIÝASY UGRY BOÝUNÇA SAPAKLAR ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Suw diplomatiýasy” ugry boýunça göçme fakultatiw okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy “Suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we resirkulýasiýa we gaýtadan peýdalanmak tehnologiýalarynyň ulanylmagynda halkara hyzmatdaşlyk” temasyna bagyşlandy. Okuw sapagynyň dowamynda suwdan peýdalanmak we oba hojalyk önümlerini öndürmek, azyk howpsuzlygy meseleleri babatda oýlanyşykly çemeleşmeleriň wajypdygy bellenildi. Pudaga döwrebap hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan has kämil suwaryş tehnologiýalary ornaşdyrylýandygyny hem-de suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli çäreleriň görülýändigi gürrüň berildi. Talyplar üçin bu okuw sapagy örän täsirli boldy.


Töfe HOŞANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara jemagat hukugy ugrunyň magistranty.