Ýer gününe bagyşlanan onlaýn iş maslahatyň jemi jemlendi

 2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen  bilelikde gurnalan onlaýn iş maslahatynyň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan maslahata Bilim ministrliginiň hünärmenleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bäsleşiginiň ýeňijileri, Aşgabat şäheriniň 4-nji, 29-njy, 75-nji, 76-njy orta mekdepleriniň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji, 28-nji orta mekdepleriniň we Gökdepe etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

 Maslahatyň dowamynda Ýer gününe bagyşlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler we geljekde amala aşyryljak işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaşlary arassa ekologiýany üpjün etmek babata alnyp barylýan işlere çekmek we olary höweslendirmek üçin galyndylary, kagyzlary gaýtadan işlemeklik bilen baglanyşykly birnäçe interaktiw oýunlar gurnaldy. Bu bolsa ýokary synp mekdep okuwçylarynyň işjeňligini has-da artdyrdy.

 

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy

 fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.