Döredijilik bäsleşikleriniň netijeleri

 2021-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň, “Edebiýat we sungat” hem-de “Nesil” gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan–  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegini şöhratlandyrmak, giňden wagyz etmek maksady bilen yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.

 “Mirasymyza buýsanjymyz”, “Mukaddesliklere sarpa” hem-de “Garaşsyzlyk, Bitaraplyk–kalbymyzyň joşguny” atly döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. “Mukaddesliklere sarpa” atly bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Aýlar Atajykowa we Gyzlargül Annagurdowa özleriniň Watanymyzyň ösüşleri, şanly Garaşsyzlygymyz baradaky makalalary bilen çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

 Ýaş şahyrlaryň we ýaş žurnalistleriň arasynda yglan edilen  “Şygryýetiň bilbili”, “Waspyň dillerde dessan–Arkadagly Türkmenistan” atly döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek dabarasy bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirildi. “Şygryýetiň bilbili” atly döredijilik bäsleşiginde institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Tawus Akjaýewa, “Waspyň dillerde dessan–Arkadagly Türkmenistan” atly döredijilik bäsleşiginde bolsa, Aýlar Atajykowa özleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň we ak şäherimiz Aşgabadyň waspyny ýetirýän goşgularydyr, makalalary bilen çykyş etdiler we baýrakly orunlara mynasyp boldular.

 

Gülnar AKYLLYÝEWA,

                 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara 

                                 gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy 

                                   fakultetiniň II ýyl talyby.