Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylmy gaznasynyň nobatdaky duşuşygy

 2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ylmy gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 6-njy onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşyga bu Gurama agza daşary ýurtly ylmy işgärler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary we talyplary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

 Onlaýn duşuşykda Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekili Araznury Ataýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary Myrat Hojagulyýew, Röwşen Işangulyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Ruslan Jumaýew, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary Çarymuhammet Şallyýew, Berdimyrat Orazow dagy dürli ylmy temalar bilen çykyş etdiler.

 Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2021-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmäge saýlanyldy hem-de ýurdumyzyň bu abraýly Guramada başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy bellenilen tertipde ylalaşyldy. Duşuşykda çykyş edenler mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýäniň abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de, edilen çykyşlarda bu abraýly Gurama başlyklyk etmekligiň dünýä ýurtlary bilen ýurdumyzyň ähli ugurda gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyny belläp geçdiler.


Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 

 II ýyl talyby.