Paýtagtymyzda köpçülikleýin bag nahallary ekildi

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary paýtagtymyzyň çäginde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtdylar. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzda her ýyl milli Liderimiziň parasatly başlangyjy esasynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Asylly däbe öwrülen bu çäre her ýyl ýurdumyzyň şanly baýramlary bilen baglanyşykly gurnalýar. 2020-nji ýylda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça 25 million bag nahaly oturdyldy. 2021-nji ýylda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna bagyşlanyp Watanymyzda 30 million bag nahallary ekildi.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) gatnaşdy. Ýurdumyzyň  bu forumda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary maslahata gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.  Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatda halkara arenada öňe sürýän oňyn başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar.   

 

Babahan EÝEBERENOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.