Parahatçylyk we ynanyşmak forumyna bagyşlanan maslahat

2021-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 11-nji dekabrda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly forumda öňe sürlen halkara başlangyçlara bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda häzirki döwürde bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerimiz milli Liderimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe bolýandygy, baky Bitaraplygymyzyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has-da artýandygy bellenildi.

Şeýle-de maslahatda hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze goşgusyny ýazandygy barada aýdyldy. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän bu ajaýyp goşgusynyň bütin dünýäni parahatçylyga, abadançylyga we bagtyýar durmuşa çagyryşdygy barada buýsanç bilen bellediler.

 

Bägül MERDANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.