Parahatçylyk we ynanyşmak forumy

2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty: parahatçylygy döretmekde Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy” atly I tematiki umumy mejlisi geçirildi. Oňa halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Umumy mejlisi BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Ilçi Natalýa German alyp bardy.

I tematiki umumy mejlisde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow,  Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory Kaýrat Sarybaý, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Terrorçylyga garşy müdiriýetiň başlygy Wladimir Woronkow, BMG-niň  Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Tatýana Walowaýa, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa we Amerika boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam Guramasynyň Baş direktory Ýerlan Baýdawlet, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretarynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Ahmed Kawesa Sengendo, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky ýörite wekili, Ilçi Teri Hakala, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň başlygy, Ilçi Debora Laýons, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Aşita Mittal we beýlekiler çykyş etdiler.

Forumda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde dünýäniň abraýly halkara we sebit guramalary bilen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit we dünýä ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine ýakyndan ýardam edýänligi,  halkara guramalary we dünýä döwletleri bilen ähli ugurda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga esas döredýändigi bellenilip geçildi.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara maslahatyň tematiki umumy mejlisleriniň jemleri boýunça halkara guramalaryň wekilleri hasabatlar bilen çykyş edip, Jemleýji resminamany kabul etdiler.

 

Perhat ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.