Parahatçylygyň ýaş çaparlary pellehanada

2022-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny geçirildi. Bu aýgytly oýnuň baş mowzugy «Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymaty: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly tema boldy. Däp bolşy ýaly, final oýnunyň öňüsyrasynda bäsleşigiň baş mowzugy boýunça ýaş çaparlar üçin halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda ýörite sapaklar gurnaldy. Olaryň dowamynda okuwçylara final tapgyrynda gerekli boljak gymmatly maglumatlar berildi.

Akyl-paýhas bäsleşigi üçin niýetlenen ýörite Ak öýde geçirilen final oýnuna ýarym final oýunlarynda öňe saýlanan, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Hojamyrat Baýlyýew, Kakageldi Akmyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçy Intizar Tagannyýazowa dagy gatnaşdylar.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunda «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, TYA-nyň  Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň baş režissýory Bilbil Mämmedow dagy adalatly eminlik etdiler.

Final oýnunyň geçiş tertibi dogrusynda aýdanymyzda, ol hemişekiler ýaly 5 menzilden ybarat boldy. Menziller şeýle mowzuklar astynda geçdi, ýagny:

1-nji menzil: Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk baradaky garaýyşlary, öwüt-ündewleri we nesihatlary.

2-nji menzil: Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň türkmen nusgasy we dünýä tejribesi.

3-nji menzil: Öňüni alyş diplomatiýasynyň taryhy we häzirki zaman tejribesi.

4-nji menzil: Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary.

5-nji menzil: Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýasy we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy.

Final oýnunyň dowamynda okuwçylaryň paýyna düşen soraglaryň içinde Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň «Şükür bagşy» filminden janly ýerine ýetiren  sazyny bilmek ýaly sowallar bardy. Mundan başga-da syrly gutuly sowal hem özüneçekiji gyzykly soraglaryň biri boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, bäsleşigiň dowamynda  ataly-ogul we halypa-şägirt bolan Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan meşhur Öre Şyhyň agtygy Baky Rejebowyň hem-de çowlugy, Gulbaba baýragynyň eýesi Käbe Şyh Bakyýewiň ýerine ýetirmeginde «Şükür bagşy» filminden bir pursat janlandyryldy.

Gyzgalaňly geçen final oýny ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Ýollar aşyp menzillere ýetilýär, menziller aşyp myratlara diýleni. Bäsleşigiň final oýnunyň netijelerini mälim etsek:

3-nji ýere  Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçy Intizar Tagannyýazowa,  Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Kakageldi Akmyradow;

2-nji ýere Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew;

1-nji ýere Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew;

Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow mynasyp boldy. Final oýny tamamlanandan soňra institutymyzda ýeňijileri sylaglamak mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary hem-de medallary bilen sylaglandylar. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Aýbölek» hususy kärhanasy, «Arzyly ada» hususy kärhanasy, «Akmenzili» hojalyk jemgyýeti, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärler üçin ýörite iş egin-eşiklerini hödürleýän «Saraýan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny  «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşigiň final oýnuna ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.

 

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz! 

https://turkmenportal.com/tm/blog/48522/parahatchylygyn-yash-chaparlary-akylpayhas-basleshiginin-yenijileri-belli-boldy

https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/parahatcylygyn-yas-caparlary:-yenijiler-malim-boldy-2f2cf7

Türkmen, wideo, audio, fotoreportaž | Turkmenportal.com