Çagalar bilen bagly Durnukly ösüş maksatlary boýunça onlaýn iş maslahaty

 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde UNICEF-iň Durnukly ösüş maksatlary boýunça halkara bilermeni bilen onlaýn iş duşuşygy geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda gurnalyp, oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Goranmak, Içeri işler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdylar. Duşuşykda çagalar bilen bagly Durnukly ösüş maksatlary boýunça taýýarlanylan hasabatyň mazmuny barada gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda çagalar bilen bagly Durnukly ösüş maksatlary boýunça taýýarlanylan hasabatyň mazmunynyň çäginde amala aşyryljak geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Bilbil BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby