Sanly ulgam arkaly meýletinçileriň okuw sapagy

2021-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi.

Bu okuw maslahatyny Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekili alyp bardy. Ol ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde meýletinçileriň orny barada täsirli çykyş etdi. Onuň çykyşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.


Dünýägözel ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.