Žurnalistika bilimini ýokarlandyrmaklyga bagyşlanan okuw maslahaty

2021-nji ýylyň 24-26-njy noýabry  aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabat şäherindäki Merkezi bilen bilelikde “Žurnalistika bilimini ýokarlandyrmakda we žurnalistleriň hünär taýýarlygynda kömek” atly taslamanyň çäklerinde multimedia žurnalistikasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly dowam eden bu maslahata Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat şäherindäki Merkeziniň, Beýik Britaniýadaky halkara ekspertiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň milli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hünärmenleri bilen bilelikde  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Žurnalistika ugurda bilim alýan ýaşlaryň ukyplaryny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu maslahat ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Jon Makgregoryň we Beýik Britaniýadaky halkara eksperti jenap Zurab Kodalaşwiliniň habarlar giňişligindäki žurnalistikanyň etikalary we hünärmenleriň jemgyýet bilen arabaglanyşygyndaky ähmiýeti dogrusynda möhüm maglumatlara seljerme berdiler. Üç günläp geçirilen dowamly okuw maslahatynyň ahyrynda çykyş edenler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda bitirýän işleri üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Kyýat ILAMANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.