Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllgyna

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

Watanymyň buýsanjy sen—Garaşsyzlyk,

Arkadagyň ak ýoly sen—Garaşsyzlyk.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

Garaşsyz Türkmenistan beýik maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

Şeýle bir gün bar.Ine,alnymyzdan dogan goşa Gün—Garaşsyzlyk hem baky Bitaraplyk güni.Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmeniň goşa ganatydyr.Türkmeniň ruhuny,mertebesini arşa göteren hem şol mukaddeslikdir.

Elbetde,ir döwürlerden bäri saz söhbetsiz bolmadyk Watanymyzy bu günki günde başgaça göz öňüne getirmek mümkin bolmasa gerek .Onda-da  Garaşsyz,hemişelik Bitarap Türkmenistany!Hawa,ençeme ýyl mundan ozal goşa ganatyna eýe bolan ýurdumyz indi Gögüň guşy kimin,parahatçylygyň,dostlugyň,alamaty bolan ak kepderi ýaly ganatyny ýaýyp ýör.Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap,parahatçylyk ,asudalyk ,abadançylyk ýol-ýörelgelerni öz döwlet syýasatynyň baş ugruna öwürdi.Merdana ata-babalarymyzyň arzuw maksatlary siňen mukaddes türkmen Diýarynyň bu günki ýeten belentlikleri,syýasy ykdysady ösüşleri we ynsanperwerlik ýörelgesi dünýäde ykarar edilýän hem goňşy we beýleki doganlyk halklaryň alkyşlaryna mynasyp bolýan mertebeli menzilleriň şöhlelenmesidir.Gadym zamanlarda öz topragynyň asudalygy,erkinligi,abadanlygy üçin jan aýamadyk ata-babalarymyzyň bina eden Watany bu gün parahat, asuda mesgen bolmak bilen,tutuş dünýäniň abadançylygy üçin  dünýä münberinde çykyş edýän bolsa,bu ugurda uly işleri alyp barýan döwlete öwrüldi.

Her bir adamyň kalbynyň töründe mekan tutýan duýgyny diňe Watan diýip atlandyrmak mümkin.Bu bolsa Watana bolan söýgüňi beýan etmegiň bir görnüşi. Elbetde,”Watan”diýen söz “Garaşsyz hemişelik Bitarap Watan!”diýen jümlä öwrülende bolsa,uly buýsanja  eýe bolýar:


Bitarap Watanym gül açýar bu gün

Ýurdumyz asuda parahat her gün,

Gün-günden özgerýär diýarym meniň

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym!


Garaşsyz,hemişelik Bitarap Türkmenistan!Nähili buýsançly sözler ....

Watanyňa buýsanç göbek ganyň daman topragynyň  ata-babalarymyzyň arzuw eden Garaşsyz  diýarymyzyň bu günki günde halkara derejesine ýetmegi bolsa her bir ynsanyň kalbyndan syzylyp çykýan buýsanç duýgularydyr.Bu duýgular bolsa äleme sygmajak duýgulardyr.Ol ýüregiňi galkyndyryp,gursagyňda möwç alýan ýaly,hyjuwly gymmatlykdyr.

Maksat aýdyň bolanda,myradyna bahym gowuşýar.Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň sanlyja ýyllaryň içinde ylym-bilim babatda has uly ösüşlere eýe boldy.Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak  Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Şunuň bilen baglylykda ýokary okuw mekdeplerini özgertmäge aýratyn üns berilýär.Ylym-bilim ulgamynda  özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzyzgiderli kämilleşdirip,ony hil taýdan täze derejä çykarýar.Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegine ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiz  ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolan sanly tehnologiýalary  ösdürmäge we olary önümçilige ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýär.Muňa mysal edip,biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutymyzyň ýanynda “Sanly çözgüt IT meýdança”hojalyk jemgyýetini döredip bermegi biz talyp ýaşlaryň okuwa bolan höwesimizi has-da artdyrýar.Bu hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň sanly ykdysadyýete geçmek bilen baglanyşykly  ornaşdyrylýan programmma üpjünçiligini taýýarlamak hem-de olara bilermen netijesini bermek işi ýokary derejeli IT hünärmenleri taýýarlamak bilen utgaşykda alnyp barylýar.Biz talyp  ýaşlar hem öz taslama işlerimizi şeýle hem dürli  pudaklaryň sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly sargytlaryny kabul edip olary ýerine ýetirýäris.

 Häzirki döwür tehnologiýanyň ösüp,adamzat jemgyýetine—bize iň bir amatly şertlerde ýaşamaga mümkinçilik döredýän döwürdir.Ol döwür  bolsa Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüdir.Heniz ýüregiňde besläp hem ýetişmedik zadyňa eýe bolup bolýan döwürde  ýaşamagyň,elbetde,köp arzuw-hyýallaryň tiz wysal bolmagyna ,maksat tutan işleriň hem çalt bitmegine getirýär.Biz ýaşlar hem şu ajaýyp döwürde ýaşaýanlygymyza guwanýarys,buysanýarys!Gahryman Arkadagymyzyň hut özi biz talyp ýaşlara görelde mekdebi bolup durýar. Mähriban Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmegi biz ýaşlarda ylyma-bilime döredijilige bolan höwesimizi has-da artdyrdy.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly:”Mähriban Ýaşlar!Men” Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi “Kitabymda:”Iň gymmatly miras terbiýedir,terbiýäniň özeni bolsa,ylym-bilimdir”diýip belläpdim.Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris .”diýip,biz ýaşlara edepli-terbiýeli,pähim-paýhasly,ylymly-bilimli bolmalydygymyzy ündedi.Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyz:”Eziz  ýaşlar! Mukaddes  Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň,şöhratly üstünlikleriniň binýadydyr.Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda -1991-nji ýylda  Türkmenistanyň döwlet  Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi.Netijede,ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.Elbetde,30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl, muňa garamazdan ,şu döwrüň  içinde ýurdumyzyň demokratik hukuk dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik.Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak,döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdyk.Türkmenistanyň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk.”diýip bellemegi Garaşsyzlygymyzyň halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogandygny ýene bir gezek äşgär edýär.

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň asyrlar boýy ýüreklerinde beslän,arzuw-islegleriniň hasyl bolmasy .

Şanly Garaşsyzlyk bagtyýar gelejege aýdyň şugla saçýan ýollaň nurlanmasy.

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda  uly dabara bilen  toýlanyljak Garaşsyzlyk toýy, halkyň agzybirligi,müňýyllyklara uzaýan  ak ýollarydyr.Garaşsyzlyk döredijilik äleminde zähmet çekýän sungat ussatlarynda Diýarymyzyň bagtyýarlygyny,onuň gözelliklerini wasp edýän aýdymlary döretmäge uly hyjuw berdi.Biz ýaşlar hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna döredijilik joşgunymyz bilen,ýagny “Garaşsyzlyk joşguny” atly goşgular ýygyndymyz bilen sowgatly barýarys.Biz  talyp ýaşlar hem halkymyzyň döredijilik ýoluna öz goşandymyzy goşarys diýip umyt edýärin.

Garaşsyzlyk halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetirdi.Biz ýaşlary baky bagta ,boelin eşretli durmuşa ýetiren ,her bir günümizi şanly wakalara ösüşlere besleýän mähriban Arkadagymyzyň ,jany sag,ömri uzak,belent başy aman bolsun ,tutýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym!

 ***

Bu gün türkmen halky uly toý tutýar

Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym,

Toý lybasyn geýýär bagtyýar diýar. 

Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym! 

*** 

Aşgabadym,aydyňdyr seň asmanyň.

Arkadagym bina etdiň dessanyň,

Ak niýetli Watanyma beslänim.

Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym!

 ***

Gök asmanda ganat gerýär baýdagym,

Buşlap ulys-ile döwrüň aýdymyn.

Kalplara ornapdyr ýürek aýdymym, 

Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym! 

 ***

Arkadagyň  ýoly bilen barýarys,

Bagtyň keşbin ajap çagda görýäris,

Gül Watany jandan eziz söýýäris.

Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym!


 Aýnur ÖWEZGELDIÝEWA,

 Türmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň

Telekommunikasiýalar fakultetiniň Infokommunikasiýa

tehnologiýalary hünäriniň 3-nji ýyl talyby