Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy

2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary mekdebiniň, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde gender deňligi boýunça okuw sapagy geçirildi. Onda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýusiýa Uaýld gatnaşyp, çykyş etdi. Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň sosial ösüş boýunça geňeşçisi Jessi Kirkiň çykyşy bolsa wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyjylara ýetirildi. Olarda Durnukly  ösüş maksatlarynyň çäklerinde gender deňligini üpjün etmek boýunça halkara derejesinde geçirilýän möhüm işler beýan edildi.

Okuw sapagynyň dowamynda özara pikir alyşmalar guraldy.


Maksat HALMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.