Halkara ýaşlar güni

Halkara ýaşlar güni her ýyl 12-nji awgustda bellenilip geçilýär. 1999-njy ýylda BMG Baş Assambleýasy "A / RES 54/120" karary bilen Bütindünýä Ýaşlar Işleri Ministrler Maslahatynyň 12-nji awgusty Halkara Ýaşlar güni diýip yglan etmek baradaky teklibini goldady. Mejlis, 1995-nji ýyldaky Bütindünýä Ýaşlar Hereket Maksatnamasy barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin Halkara Gününi goldamak üçin çäreleriň geçirilmegini maslahat berdi. Birnäçe ýurtda öz milli ýaşlar günleri bar.

Bu ýyl üçin şu ýylky tema “Iýmit ulgamlaryny özgertmek: Adam we planetar saglygy üçin ýaşlaryň innowasiýasy”.

BMG azyk pudagyndaky meseleleri ýaşlaryň gatnaşmazdan çözmegiň mümkin däldigini, sebäbi planetanyň çalt ösýän ilatynyň hem çalt ýaşlaşýandygyny belleýär. BMG-niň şu ýylky Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşiniň ýaşlar forumynda, gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasynyň adam saglygyna, daşky gurşawa we azyk ulgamlaryna edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Resmi netijeleriň teklipleriniň bir bölegi hökmünde foruma gatnaşan ýaş delegatlar has adalatly iýmit ulgamlary ugrunda işlemegiň möhümdigini aýtdylar.

Şu ýyl Halkara ýaşlar güni, şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Azyk ulgamlary sammitiniň öňüsyrasynda ýaşlara pikir alyşmak üçin platforma hödürlemegi maksat edinýär.

Şu ýyl Halkara ýaşlar gününiň hormatyna resmi çäreler sanly ulgamlary peýdalanmak bilen uzak aralykdan geçiriler.


Rahmangylyç ANNAGELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

 Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.