15-nji dekabr Halkara çaý güni

Her ýylyň dekabr aýynyň  15-ine Halkara çaý güni resmi taýdan bellenilýär. 2004-nji ýylda Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilen  dünýä jemgyýetçilik forumynda we 2005-nji ýylda Braziliýanyň Porto Alegre şäherinde geçirilen maslahatlardan soňra her ýylyň 15-nji dekabry Halkara çaý güni diýlip  yglan edildi. Sebäbi şu senede “Çaý önümçiligi işgärleriniň hukuklarynyň bütindünýä jarnamasy” kabul edilipdi. BMG-niň 2019-njy ýylyň 21-nji dekabrynda kabul eden kararyna laýyklykda her ýylyň 21-nji maýy  Halkara çaý güni diýlip yglan edildi  we onuň bellenilişine BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy jogapkär edildi. 

Mälim bolşy ýaly, dünýäde iň köp sarp edilýän içgileriň biri çaý hasaplanýar. Ol suwdan soň ikinji orunda  durýar. Çaýyň ilkinji dörän ýeri Hindistanyň demirgazyk-gündogary, Mýanmanyň demirgazygy we Hytaýyň günorta-günbatary diýip hasap edilýär. Irki döwürlerde hem çaý öndürmek we ony gaýtadan işlemek ösýän ýurtlarda millionlarça maşgalalaryň eklenç çeşmesi bolupdyr. Mundan başga-da, çaý birnäçe ýurtlarda garyp maşgalalaryň esasy eklenji bolupdyr. Çaý öndürmek işi  howa şertlerine bagly bolup durýar. Çünki, çaý diňe belli bir agro-ekologiki şertlerde öndürilip bilner. Temperaturanyň  üýtgemegi we ýagşyň köp ýagmagy, suw joşmalaryna ýa-da gurakçylyga sebäp bolup, çaý önümleriniň hasyllylygyna, hiline, soňunda bolsa, onuň bahasyna uly täsir edýär.

 Biziň ýurdumyzda hem çaý geçmişden bäri esasy içilýän içgidir. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur zehinindan syzylyp çykan “Çaý – melhem hem ylham” atly kitabynda çaýyň döreýiş taryhy, türkmen halkynyň durmuşynda çaýyň tutýan orny barada gyzykly maglumatlar beýan edilýär.

Nowruz KURBANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

  IV ýyl talyby talyby.