Fransuz dili mugallymlarynyň halkara güni

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň 2019-njy ýyldaky teklibi bilen dünýäde her ýylyň noýabr aýynyň 4-nji penşenbesinde “Fransuz dili mugallymlarynyň halkara güni” bellenilýär. Bu sene bilen bagly 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň fransuz dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygynyň geçiriljekdigi “TURKMENPORTAL” resmi saýtynda habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, fransuz dilinde häzirki wagtda dünýäniň bäş yklymynda 300 müňe golaý adam gürleýär. Fransuz dili – BMG-niň 6 resmi diliniň, şeýle-de 2 iş diliniň biridir.

Fransuz dili sintetiki we analitik dil bolup, öwrenijilerde yzygiderli we tankydy pikirlenişi ösdürýär. Bu bolsa pikir alyşmalarda we gepleşiklerde iň bir wajyp başarnyklaryň biridir.

Mundan başga-da, taryhda fransuz dili diplomatiýanyň dili bolan. Şol sebäpli häzirki zaman diplomatiýasynyň dili bolan iňlis dilinde, şeýle hem beýleki dillerde, diplomatiýa hünärinde fransuz dilinden geçen sözler häzire çenli ulanylýar, mysal üçin, “attaché”, “chargé d’affaires”, “agrément”, “note verbale”, “communiqué”, “aide-mémoire”, “bout de papier”.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesinde, ýokary okuw mekdeplerinde fransuz dili esasy ýa-da ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenilýär.

Ýurdumyzda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Fransuz dili okuw merkezi işleýär, merkezde fransuz dili, edebiýaty we medeniýeti bilen bagly dürli duşuşyklar, çäreler geçirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen Aşgabat şäheriniň fransuz dili okadylýan orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen fransuz dilinden ders bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we sylaglamak dabarasyna gatnaşypdy we onuň dowamynda Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, şeýle-de institutyň gurluşy we alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Sözümiň ahyrynda, ähli fransuz dili mugallymlaryny olaryň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!



Laçyn HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby