Halkara bilim güni

2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “24-nji ýanwar — Halkara Bilim güni” hökmünde bellemek hakynda Rezolýusiýany kabul etdi. Şol seneden bäri her ýylyň 24-nji ýanwarynda dünýäde Halkara Bilim güni bellenilýär. Durnukly jemgyýeti emele getirmekde bilimiň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýeti Rezolýusiýada görkezilýär. Bu sene mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň bilim ulgamyna ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýar.

Bu gurama agza döwletler bu güni yglan etmek bilen ähli derejelerde öz içine alyjy we deň hilli bilim almak üçin çäre görmegiň möhümdigini bellediler. Bu adamlara jemgyýete gatnaşmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmak üçin zerur bilimleri we endikleri almaga kömek eder.

2023-nji ýyl — “Adamlara maýa goýuň, bilimi ileri tutuň” şygary bilen bäşinji Halkara bilim güni, bilimiň töwereginde işjeň ulgamlaşdyrylmagy, şeýle hem borçnamalary we ählumumy başlangyçlary herekete geçirmegiň ýoluny kesgitlemegi maksat edinýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda milli bilim pudagynda giň gerimli işler alnyp barylýar. “Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň ýaş nesline okuwda üstünlikleri,  professor-mugallymlara bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Türkmenistanda ýaş nesil üçin ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde intellektual we beden taýdan ösmek üçin ähli şertler üpjün edilýär. Dowamat dowam tapýan ähli işler türkmen halkynyň geljegi we ýurdumyzyň gülläp ösmegine möhüm ähmiýete eýedir.


Oguzhan PIRIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.