Halkara haýyr-sahawat güni

Islendik ýagdaýda adam adam bolup galmalydyr; diňe özi hakda däl-de ,  eýsem töweregiňdäkiler, esasanam ondan ýüz esse erbet adamlar hakda pikirlenmeli. Bu pikir täze däl. Mümkin boldugyça ösdürilýär we dünýä jemgyýetçiligine şol sanda Birleşen Milletler Guramasyna we beýleki birleşiklere ýetirmäge synanşylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýylyň dekabrynda 67-nji mejlisinde we 2013-nji ýylyň 7-nji martynda kabul edilen kararyna laýyklykda Halkara haýyr-sahawat güni her ýyl 5-nji sentýabrda bellenilýär.

Halkara haýyr-sahawat gününiň senesi, 1979-njy ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi "Kalkuttanyň enesi Tereza ene" kömek edenligi üçin aradan çykan gününe gabat gelýär. Tereza ene 45 ýyldan gowrak wagt bäri garyplara, syrkawlara we ýetimlere kömek edip, ilki Hindistanda, soň beýleki ýurtlarda haýyr-sahawat işlerini geçirýär. Onuň eden bu asylly işi üçin ol bütin dünýäde ykrar edildi.

Türkmenistanda haýyr-sahawat we howandarlyk uly düşünje bilen garalýar. Köp guramalar, guramaçylyk we kanuny görnüşe garamazdan, ilatyň sosial taýdan ejiz toparlaryna islendik kömegi bermäge taýýardyr. Bu haýyr-sahawat işini 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kadalaşdyrmak üçin kanuny esasynda bolmagy üçin Türkmenistanyň "Haýyr-sahawat işleri barada" kanuny çykaryldy. Haýyr-sahawat işleri - haýyr-sahawat guramalary tarapyndan haýyr-sahawat sadakalary görnüşinde peýdalanýanlara sosial we beýleki goldaw bermek maksady bilen amala aşyrylýan meýletin işlerdir.

Tereza enäniň diýşi ýaly: "... ýüz adamy iýmitlendirip bilmersiň - birini iýmitlendir" Gowy bolar …


Amanbagt USSAÝEWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

  Halkara hukugy fakultetiniň talyby.