Institutymyzda abadanlaşdyryş işleri geçirildi

2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň çäginde ýowar geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyny goldap geçirilen bu abadanlaşdyryş işlerine ýokary okuw mekdebimiziň  talyplary işjeň gatnaşdylar.

Gyş paslynyň ilkinji aýynyň güneşli bolmagy bu ýowaryň has-da ruhubelent ýagdaýda geçmegine tebigy şert döretdi.  Talyplar ýowar güni institutyň çäginde we ýanaşyk ýerlerde täze nahallary oturtdylar, ösüp oturan baglara ideg etdiler, agaçlaryň düýplerini agardyp, şahalaryň uçlaryny çyrpdylar, ýerleri organiki dökünler bilen gurplandyrdylar, haşal otlary aýryp, tarp ýerleri depdiler. Talyplar şeýle hem abadançylyk işlerini ýerine ýetirdiler.

Ýowaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň bagy-bossanlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolýan ýowarlara geljekde hem işjeň gatnaşjakdyklaryny aýtdylar.


Gunça HAMEDOWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

 Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby