Institutda geçirilen döredijilik duşuşygy

2021-nji ýylyň 19-njy aprelindeTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Genji hazynam – milli mirasym” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň milli baýramy hem-de BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan “Hytaý diliniň güni” mynasybetli guralan duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussatlary, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gülşat Meňliýewa we Gözel Çommyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinariýa lukmançylygy fakultetiniň atçylyk hünäriniň 5 ýyl talyby, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy Liliana Ýusupowa çykyş edip, adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan türkmen bedewiniň we alabaýynyň halkymyzyň watançylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde, adam bilen tebigatyň bütewiliginde, sagdynlygynda, ruhubelentliginde we döredijilikli ýaşamagynda eýeleýän orunlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Şeýle hem, duşuşykda “Hytaý diliniň güni” mynasybetli institutymyzyň talyplarynyň hytaý, iňlis, rus, arap we nemes dillerinde türkmen bedewi we alabaýy baradaky çykyşlary diňlinildi.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar talyplaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.


Байназар НЕПЕСОВ,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.