Hoşallyk maslahaty geçirildi

 2021-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşanlygyna bagyşlanyp, hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

 Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimizň başlangyjy boýunça bu baýramçylyk dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk sanawyna girizilenligi we ýaş nesilleriň, şeýle hem ata-eneleriň howandarlygyndan galan hem-de akyl we beden taýdan ösüşinde kemi bolan çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegi dowam etmek maksady bilen bu çagalara niýetlenen haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenligi barada täsirli gürrüňler edildi.

 Şeýle-de çykyş edenler ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we şol syýasata laýyklykda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýändigini bellediler.


Amangül BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.