Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly türk dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň  “Ak şäherim Aşgabat” atly türk dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Türkiýe Respublikasynyň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem ýurdumyzyň we Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli halkymyza peşgeş beren täze eseriniň many-mazmuny, ylmy we terbiýeçilik ähmiýeti giňişleýin beýan edildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimiziň kitabynyň taryhy ähmiýetiniň, türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde hem möhüm bolup durýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem bu türk dilindäki gymmatly eseriň halkaraçy talyp ýaşlaryň ýankitabyna öwrüljekdigini, ylmy işlerinde baş çeşme bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

Dabarada çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly türk dilinde neşir edilen kitabynyň türk halky üçin hem türkmen halkynyň ösüşlerini we gazananlaryny Aşgabat şäheriniň ösüş taryhynyň esasynda çuňdan öwrenmäge we türkmen halkynyň gymmatlyklaryna has-da golaýlaşmaga mümkinçilik tapmakda uly hyzmat etjekdigine ünsi çekdi. Mundan başga-da ol çykyşynda Aşgabadyň Türkiýäniň Ankara şäheri bilen doganlaşan şäherlerdigini beýan etdi.

Türkiýe Respublikasynyň Ankara krizis we syýasat gözlegleri merkeziniň (ANKASAM) başlygy professor Mehmet Seýfettin Erol bolsa öz çykyşynda Aşgabat şäheriniň sebitiň we dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolup, ol parahatçylygy ornaşdyryjy we ylalaşdyryjy merkezdir diýip belläp geçdi. Şeýle hem professor Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň-da edil Aşgabat şäheriniň gözel gurulmagynyň baş binagäri bolşy ýaly sebitde we dünýäde parahatçylygy hem abadançylgy şeýle ýokary derejede gurýan liderdir diýip nygtady. 

Şeýle-de dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi I. Amanlyýew,  Türkiýäniň Ankara uniwersitetiniň dosenti, Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň Döwrebap Türk şiweleri we edebiýatlary bölüminiň mugallymy B. Saryýew, Türkiýäniň Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň mugallymy, doktor Emrah Ýylmaz wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdiler. Olar kitabyň gymmaty, esasan-da türkmen halkynyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen gurujylyk sungatynyň hem-de halkyň kalbynyň gözelliginiň we arzuw islegleriniň simwoliki şöhlelenmesi hökmünde şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylyşynda öz beýanyny tapýandygyny bellediler.

Mundan başga-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P. Orazow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň prorektory M. Çaryýew, “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory A. Mämmedow, “Watan” gazetiniň baş redaktory T. Kakaýewa çykyş etdiler. Maslahatda institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby B.Orazow tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan Hormatly Prezidentimize Ýüzlenmäni okady.

Hormatly Prezidentimiziň bu eseriniň türk diline terjime edilip, çapdan çykarylmagy bolsa türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Bu gün türkmen we türk halklary ruhy ahlak gymmatlyklaryna, pederleriniň parasatly wesýetlerine hemmetaraplaýyn ygrarlydygyny  görkezýärler.   

Taryhy kökleri bir bolan iki ýürekdeş hem-de doganlyk halklaryň bilelikdäki tagallalary bilen egsilmez hyjuw hem-de hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk dostluk-doganlygynyň mundan beýläk hem ähli ugurlarda has-da berkidiljekdigine we giň gerim bilen ösdüriljekdigine ynanýarys.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Goý, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de gülläp össün!


Batyr KAIROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Dünýä dilleri kafedrasynyň

 mugallymy.