Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanan konsert

2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli institutymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan düzülen orkestr we aýdymçylar topary çykyş etdiler. Daşary ýurt dillerinde ýaňlanan aýdym-sazlary institutymyzyň talyp ýaşlarynyň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Bu medeni-dynç alyş maksatly geçirilen özboluşly dabaranyň ahyrynda ýaňlanan baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym bolsa Diýarymyza bolan buýsanjy goşalandyrdy we joşgunly talyp ýaşlaryň göwünlerini galkyndyrdy.


Bägül Merdanowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.