Halypa diplomatyň göreldeli okuw sapagy

2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige daýanýan daşary syýasy ýörelgeleri»  atly halypa diplomatlaryň  gatnaşmagynda göreldeli okuw sapagy geçirildi. Institutyň “Ýaş diplomatlar mekdebi” tarapyndan gurnalan okuw sapagy täsirliligi bilen tapawutlandy. Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Kakajan Mommadowyň geçiren okuw sapagyna institutyň talyplary hem-de Aşgabat şäherindäki käbir orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Halypa diplomat mugallym öz çykyşynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüji we köpugurly daşary syýasatynyň ýörelgeleriniň esaslary barada täsirli gürrüň berdi. Şeýle hem öz durmuş tejribesinden gyzykly wakalary paýlaşyp, geljekki diplomatlara bildirilýän talaplary we olaryň öňünde durýan wajyp wezipeler barada öz çykyşynda belledi.


Maral KARLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary 

 fakultetiniň  I ýyl talyby.