Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 18-nji awgustynda Merkezi Aziýanyň Halkara institutynda “Merkezi we Günorta Aziýanyň gatnaşyklary, mümkinçilikleri, geljegi we geostrategiki ähmiýeti” atly onlaýn görnüşindäki ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ugurlar boýunça 3 sany bölümçe işledi. Halkara ylmy-amaly maslahatyna Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Belgiýa patyşalygynyň, Indoneziýanyň, Koreýa Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Alymlaryň, bilermenleriň çykyşlarynda ulag-logistiki infrastrukturasynyň täze ugurlary, sebitde energetika we suw howpsuzlygy meseleleri, sanly ulgamy kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa gatnaşdy. Bu halkara ylmy-amaly maslahat geljekde ylmy-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berer.


IIRMFA NEWS