“GS1 Türkmenistan” ýerli öndürijilere çyzykly şertli belgileri paýlaýar

2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “GS1 Türkmenistan” ýerli öndürijilere çyzykly şertli belgileri paýlaýar” atly okuw seminary geçirildi. Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu seminara institutymyzyň mugallymlary we “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalary gatnaşdylar. Onda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň esasy hünärmeni Atajan Saparmyradow çykyş edip, Türkmenistanda Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramanyň 2014-nji ýylyň 28-nji fewralynda döredilendigi we onuň 2015-nji ýylyň 20-nji maýynda 111 döwletiň milli guramalarynyň ses bermegi esasynda Brýussel şäherinde ýerleşýän Halkara GS1 guramasynyň doly hukukly agzasy bolandygy şeýle-de “GS1 Türkmenistan” brendine ygtyýarlyk alandygy baradaky giňişleýin maglumatlary oňa gatnaşyjylara ýetirdi. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagta çenli Türkmenistanda Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli gurama agzalyga girenleriň sany 3200-den gowrak bolup, şolaryň 600-e golaýy Döwlet edaralary, galan 1700-e golaýy hususy pudaklardyr.

Okuw seminarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň belent sepgitlere ýetendigi aýratyn nygtaldy. Şeýle-de tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy bellenilip geçildi.

Okuw seminaryna gatnaşyjylar ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Perhat ÇARYÝEW,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 kafedrasynyň uly mugallymy.