Magistrantlaryň ylmy-barlag işleriniň netijeleri

2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara jemagat hukugy” we “Halkara hususy hukugy” ugurlarynyň magistrantlary öz ylmy-barlag işlerini goradylar. Ylmy-barlag işleriniň goragy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň, Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlarynyň, degişli ylmy-barlag işleri boýunça ylmy ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Döwlet synag topary tarapyndan geçirildi.

Ylmy-barlag işleri goralanda ekologiýa, saglygy goraýyş, bilim çygyrlarynyň halkara-hukuk kadalaşdyrylyşy, gender deňligi, halkara jedellerini çözmegiň halkara-hukuk serişdeleri, jenaýat we administratiw hukuk çygyrlarynda halkara-hukuk kadalarynyň we milli kanunçylygyň sazlaşygy ugurlary boýunça wajyp meseleler babatda ylmy işleri diňlenildi.

Ylmy işleriň goralyşy gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, magistrantlaryň her biri özüniň ussatlygyny görkezmegi we öz ylmy-barlag işleri babatynda gazananlary bilen paýlaşmagy, öňe süren tekliplerini goramagy başardylar.

Döwlet synag topary hödürlenen ylmy-barlag işleriniň wajyplygyny, amaly taýdan ähmiýetlidigini, barlagyň ylmy täzeligini, ylmy-barlag işiniň obýektiniň we predmetiniň anyk kesgitlenilişini, awtoryň şahsy goşandyny, netijeleriniň esaslandyrylyşyny, barlagyň çuňlugyny, çeşmeleri seljermegiň derejesini, maglumatlary beýan etmegiň hilini, berlen soraglara jogap bermek we görkezme esbaplary hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary netijeli peýdalanmak başarnygyny, ylmy-barlag işiniň resmileşdirilişiniň hilini bahalandyrdy.

“Halkara jemagat hukugy” we “Halkara hususy hukugy” ugurlary boýunça ylmy-barlag işleriniň üstünlikli geçirilen goragy we olaryň geljekde durmuşa geçirilmegi biziň ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň agzalan ugurlar boýunça kämilleşdirilmegine ýardam eder.


Serdar AGAÝEW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

“Halkara jemagat hukugy” hünär ugry

boýunça magistranty.