Garaşsyzlyk we Bitaraplyk Türkmen halkynyň goşa ganatydyr

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

Garaşsyzlyk munuň gymmatyny hiç zat bilen ölçär ýaly däl. Döwletlilik, erkinlilik, bagtly durmuş, milli mertebe dünýä dolmak. – bularyň ählisiniň esasynda Garaşsyzlygymyz durandyr. Şonuň üçin biz oňa “mukaddes” diýýäris. Garaşsyzlyk ähli mukaddeslikleriň ýaşamagyna we ösmegine esasdyr. Ähmiýeti boýunça ol iň ýokarydyr, iň gymmatlydyr, iň ezizdir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan müňýyllygy «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik ýörelge bilen başlady. Hormatly Prezidentimiziň parasady bilen amala aşyrylýan taryhy özgertmeler diňe ýurdumyzy däl, Ýer ýüzüni bezeýär. Türkmenistan müňýyllygyň “kitabyna” ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Dünýä bileleşiginiň belent münberinden Gahryman Arkadagymyzyň abadançylyk, hyzmatdaşlyk, ösüş baradaky beýik başlangyçlary öňe sürülýär. Ol başlangyçlary dünýä bileleşigi doly goldaýar, olar boýunça anyk işlere badalga berilýär. Bu ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmeginiň ýolundaky hemmelere nusgalyk işlerinden habar berýär. Biziň ýurdumyzda bir günüň wakasy aý-ýyllara nur berýär.

Milletiň ýaşamagy, öňe gitmegi üçin möhüm şert şundan ybaratdyr: taryhy tejribäniň ýitirilmezligi, döwre görä ösdürilmegi, synmaz güýje öwrülmegi zerur. Şu ýerden milli döwletliligiň ähmiýeti aňdyň görünýändir. Milli mertebäni hakyky manysynda diňe döwletlilik bilen saklap, beýgeldip bolar. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň taryhy tejribesinden, milli ýörelgesinden iňňän netijeli peýdalanmagyň hötdesinden gelýär. Şeýdip, milletimizi hem döwletimizi beýgeldýär. Eziz Türkmenistanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýarlygyň mekanyna öwürýär. Dünýä üçin abadançylyk hem ösüş ýollaryny gurýar. Türkmenistan – ösen dünýäniň iň gymmatly baýlyklaryny özüne kabul edip almagy başarýan ýurt. Şonuň bilen birlikde, edil uzak geçmişlerde bolşy ýaly, bu günki türkmen döwleti dünýäniň ösüşlerine öz ykdysady hemm ruhy täsirini ýetirýär, adamzat üçin abadançylykly ýaşaýyş iňňän ýokary nusgasyny berýär.

Türkmenistan senagat ýurduna, ösen ykdysadyýetli ýurda öwrülýär. Ýokary tehnologiýaly, industrial ýurda öwrülýär. Ýurdumyzda oba hojalygy, oba senagaty ösdürilýär. Telekeçilik ösdürilýär. Bazar gatnaşyklaryna barha çuňňur aralaşylýar. Ýollar, binalar, desgalar gurulýar. Täze obalar, şäherler, şäherçeler peýda bolýar. Halkymyz bagtyň, eşretiň gujagynda ýaşaýar. Berkarar döwletliligimizi mizemez etmek üçin bitirilýän işleri “sanasaň, sogaby bar”.

Özümizi tanadygymyzça we özgeleri tanadygymyzça, döwrümiziň nähili beýik döwürdigine has gowy göz ýetirýäris. Öz ýurdumyza eýelik etmegiň, ony gülletmegiň tejribelerine         hernäçe köp eýe boldygymyzça, öz bagtymyzyň nämelerdedigine has gowy düşünýäris.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen işlenilip düzülen maksatnamalaryň amala aşyrylmagy – biziň rowaçlyga beslenen durmuşymyz. Döwlet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklar, jemgyýetçilik gatnaşyklary ykdysady gatnaşyklar... - bular juda köp zady öz içine alýar. Şonuň bilen birlikde, türkmenistanlylaryň äň-düşünjesi-de özgerýär. Durmuş-ykdysady özgerişler bilen birlikde, ruhy özgerişler bolup geçýär. Biri-birimize, ilimize-günümize, ýerimize-ýurdumyza dünýä bolan garaýyşlarymyzda oňyn täzeleniş bolup geçýär. Bu gün türkmen gurujy, dörediji, özgerdiji, adalatlylygy, abadançylygy berkarar ediji halk hökmünde gaýtadan dünýä dolýar.

Bu döwür – Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen şöhratlanýan döwür. Şu güne bagtyýarlyk eçilýän, geljegiň röwşen ýoluny görkezýän döwür. Biziň her birimiz muňa buýsanmaga doly haklydyrys.

Yhlas ATAMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkary žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.