Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk beýik başlangyçlaryň gözbaşy

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik  makalalar bäsleşigine

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýynda eden taryhy çykyşynda şeýle belledi: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr».

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edýän garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýar. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasy hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap ̶ döwlet bu biziň ata Watanymyz-eziz Türkmenistandyr! Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orny eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty, halkara gatnaşyklary milli bähbitler bilen birlikde dünýäniň, sebitiň ýurtlarynyň, halklarynyň bähbitlerine gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär we möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy aýratyn ähmiýetli boldy. Bu merkez sebitiň döwletleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, bu ýerde bar bolan meseleleri döwletleriň ählisi üçin bähbitli derejede çözmekde tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerine halkara tertibiň binýadyny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasy eýelemelidir diýip hasap edýäris» diýip belleýär.

2021-nji ýylymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylyp, eziz Watanymyzyň halkara derejesinde tutýan ornuna we dünýä ähmiýetli parahatçylykly başlangyçlaryna uly orun berilýär, parahatçylyk ýoly bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky dostlugy berkitmekde uly başlangyçlar bilen utgaşýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy 30 ýylyň içinde özbaşdak ösüş ýolunyň ilkinji ädimlerinde beýik başlangyçlary gazandy. Ilkinji diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary açan ilkinji döwletleriň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy, Daniýa Soltanlygy, Beýik Britaniýanyň Birleşen Soltanlyklary we Demirgazyk Irlandiýa bar. 1992-nji ýylyň birinji ýarymynda edil golaý goňşularymyz – Eýran we Owganystan ýaly Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň beýleki döwletleri – Türkiýe Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Saud Arabystan Patyşalygy, Kuba Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Ispaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şwesiýanyň Soltanlygy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Kanada, Hindistan Respublikasy, Italiýa Respublikasy bilen hem diplomatik gatnaşyklar başlandy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde şol döwürde bu Gurama girýän 185 ýurt «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň» ýörite Rezolýusiýasyna biragyzdan ses berdiler. Aşgabatda Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy BMG-niň we Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysalydyr. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk ­söýüjilikli ýörelgelere esaslanan daşary syýasat ugrunyň uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her gününde eşretli zamananyň hözürini görüp ýaşaýan agzybir halkymyzyň ähli raýatlary taryhy wakalaryň we ýurdumyzyň ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilýän oňyn başlangyçlaryň şaýady bolýarlar. Şanly baýramçylygymyzyň uludan bellenmegi bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da dabaralanmagyna ummasyz goşant goşar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny beýik derejä ýetirýän Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýikden beýik işleri üstünliklere beslensin!

Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.