GARAŞSYZLYK HEM BAKY BITARAPLYK - HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi  “Türkmenistan  - parahatçylygyň we  ynanyşmagyň Watany“ ýylynda  has-da çuňňur  many-mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly  Prezidentimiz durmuşa geçirýän beýik işleriniň esasynda  watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýär. Munuň özi  eziz  Diýarymyzyň asudalygynyň, uly ösüş-özgerişlikleriniň  nyşanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly ynama eýedir. Ýurt Baştutanymyzyň  dünýä döwletleri bilen alyp barýan ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýän umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriniň ählisinde uly goldaw tapdy. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyjyndan ugur alnyp, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, dostlugyň, oňyn gatnaşyklaryň söhbedi giňden tutulýar,  munda birnäçe wajyp resminamalardyr kararlar kabul edilýär.

Şeýle-de, ýurdumyzyň ösüşi hem-de dünýä derejesinde özüniň öňdebaryjylygy bilen tanalmagy ähli türkmen halkynyň başyny göge ýetirdi. Bu pursatda Watanymyzyň şan-şöhraty babatda öz ýürek buýsanjyňy aýtmazlyk asla mümkin däl:


Gün-günden beýgelip, ösýär Diýarym,

Sendedir barja meň küýüm, hyýalym,

Arzuwlanan döwre ýetdi myradym,

Arkadagyň mynasyp at dakany,

Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!


Aşgabadym ýalkym saçýar çar ýana,

Keşbiňi, şäherim, synlaýyn gana,

Türkmen sährasyna çyksam seýrana,

Säher bilen ak daňlaryň atany,

Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!


Sportumyz ösýär, Arkadag bilen,

Ýurdumyz beýgelýär, Gahryman bilen,

 Bedew atym, halym, alabaý bilen,

 Dünýä belli adyň arşa çykany,

Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!

Häzirki bagtyýarlyk  döwrümizde hormatly  Prezidentimiziň  taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Hut  şonuň üçin hem berkarar döwletimizde toýlar toýa ulaşyp, bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görip  ýaşaýar. Eziz  Diýarymyzda bellenilip geçilýän toý-baýramlar  ulus-ilimiziň agzybirligini, jebisligini aýdyň ýüze çykarýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uludan toýlamaga taýýarlyk görýän günlerimizde bu hakykata tutuş Ýer  ýüzi şaýat bolýar. Çünki bu şanly sene ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ähli ugurlarda ýeten belent üstünlikleriniň  aýdyň beýanydyr. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz  döwlet baradaky  asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylda  hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň  mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň  we  abadançylygynyň binýadydyr.

Baş baýramymyzyň  dabarasyny belentden tutmaga görülýän giňişleýin  taýýarlyk  ähli  halkymyzyň  ýüreginiň  diňe  Watan  diýip urýandygyna   şaýatlyk  edip,  her  birimizi  çäksiz buýsandyrýar. Watansöýüjiligiň belent nusgasyny  görkezýän hormatly Prezidentimiziň  nusgalyk  göreldesine eýerip, çekýän zähmetimiziň ömrümiziň  hem  döwrümiziň  bezegi-zynatydygyny, günsaýyn uly özgerişliklere beslenýän ata Watanymyzyň daýanjy-kuwwatydygyny duýup ýaşamak bolsa her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Gahryman Arkadagymyzyň pederlerimizden  galan ýol-ýörelgelerimizi  belentden sarpalap, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek bilen bagly durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri eziz Watanymyza bolan söýgimizi, buýsanjymyzy artdyrýar.

Ykballary bagt belentligine atarýan baky Bitaraplyk barada oýlandygyňça, “parahatçylyk”, “ynanyşmak”, “abadançylyk” sözleriniň many-mazmuny barha giňäp barýar. Adam hakyndaky aladanyň ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alan döwründe agzybirligi, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi dabaralandyrýan baky Bitaraplyk düşünjesi sözüň doly manysynda biziň milli buýsanjymyza öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda: “Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zemin abadanlygydyr, sagdyn durmuşda eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr” diýen ajaýyp setirler bar.

Garaşsyzlyk - halkyň  Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk - milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň  Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen  ruhunyň  we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki  Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri  nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk  nury  halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym  saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer  halk hökmünde  jümle – jahana ykrar etdi.

Men öz ýürek buýsanjymy goşgy setirlerim bilen dowam edesim gelýär:


Gül Diýaryň göz-guwanjy, buýsanjy,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!

Nesilleriň ýagty geljek ertesi,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!


Bagtyýarlyk nesilleriň ýüzünde,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!

Älem haýran ösüşleriň  badyna,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!


Toýa barýar uly-kiçi, hemmesi,

Belende parladyp ýaşyl baýdagy,

Barçanyň  ýüzünde bagt  şuglasy,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!


Ýurdum dolar çar  tarapdan myhmana,

Mähir bilen bakyp her  bir  ynsana.

Alkyş  aýdýas bu gün  seniň şanyňa,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!


Bilbil joşar aýdym bilen sazyňa,

Rysgal ýagar toýda tagam-duzuňa.

Şükür, Allam, bu günleriň baryna,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!


Agzybirlik,  asudalyk mekana,

Toýdur  baýram türkmen ilim amana,

Arzuwlarym hasyl bolýan zamana,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!


Bagşy kakýar dutarynyň  taryna,

Gelin-gyzlar läle kakar  sazyňa,

Geliň sizem, gül Diýaryň toýuna,

Garaşsyzlyk gutly bolsun, Arkadag!   


Erkin diýarymyň erkin  lälesi,

Saňa  sag bol aýdýar her bir  balasy.

Belentden tutulsyn belent sarpasy, 

Garaşsyzlyk gutly bolsun,  Arkadag!


Garaşsyzlyk düşünjesi juda belent, örän çuň many-mazmuna eýedir. Ol her bir ynsanyň, jemgyýetiň ykbalyna täsir edýän, onuň geljegini, ýol-ýörelgesini, döwlet  gurmagyň milli modelini kesgitleýän düşünjedir. Taryh üçin gysga wagt bolan 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan öz syýasaty, ösen ykdysadyýeti, täze mazmunly baý medeniýeti bilen dünýä döwletleriniň  arasynda öz  mynasyp ornuna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir adamda watançylyk duýgusyny oýarýan mukaddes düşünjedir. Bu düşünje özünde ägirt uly many-mazmuny jemläp, Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine nazar aýlamaga ýardam edýär.

Ýurdumyz Garaşsyzlygyň nurana ýoly bilen ynamly öňe gidip, kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tutuş  dünýäde abraýyny  ýylsaýyn belende galdyrýar. Milli Liderimiziň milletler bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn  başlangyçlary munuň aýdyň  subutnamasydyr.

Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik - beýik pederleriň arzuwlan Watany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Çünki milli Liderimiziň berkarar ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň  hukuklaryny, zähmet hem-de  durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary Watanymyza we halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr.

Biziň hemişelik Bitaraplyk derejämiziň dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan diýen  ýaly  iki  gezek tassyklanylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, döwlet Baştutanymyzyň - öz Gahryman Arkadagynyň daşyna jebisleşen agzybir türkmen halkynyň abraýynyň dünýäde näderejede ýokarydygyny  tassyklaýar.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna“ laýyklykda saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat säherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş-öňüni alyş  hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym hem-de bilim  ulgamlary innowasiýalara we tehnologiýalara esaslanýan täze gazananlar bilen baglanyşykly ýokary depginler bilen ösýär. Bu ugurlara döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

Munuň bilen birlikde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylymda we tehnologiýada alnyp barylýan işleriň birnäçe esasy ugurlary bilen bilelikde, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikde ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda möhüm orun degişli bolup durýar. Lukmançylyk uniwersiteti – munuň özi döwrebap tehnologiýalary we kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, netijeli hünär okuwy hem-de ylmy-barlag işleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen iri ylym-bilim merkezidir.

Belli bolşy ýaly, bütin dünýäde lukmançylyk ugrundan bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň derejesi şolaryň düzüminde kliniki merkezleri bolmagy bilen kesgitlenýär. Bu oňyn tejribä esaslanyp, soňky ýyllarda  uniwersitetiň ylmy we okuw-önümçilik binýatlarynyň, merkezleriň gerimi giňedi. Türkmenistanyň Prezidentiniň  kabul eden degişli  kararlaryna laýyklykda, 2011-nji ýylda uniwersitetiň düzüminde Göz keselleri ylmy-kliniki  merkezi, 2013-nji ýylda Stomatologiýa okuw – önümçilik merkezi, 2015-nji ýylda bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz halkyna peşgeş beren “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, ”Türkmenistan-sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýurdy“ hem-de beýleki kitaplary okuw işinde biz, talyplar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly edebiýat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ajaýyp eserleri ýokary okuw mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işinde köptaraplaýyn gollanma bolmak bilen, ýeterlik bilimli hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryna höwesi bolan ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

Bu babatda talyp kalbymdan Mähriban we Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýdasym gelýär:


Belent bolsun belentlerde badymyz,

Siziň bilen arşa galýar adymyz,

Buýsanjy halkymyň şöhrat-şany Siz,

Sag bol, atam - eziz Arkadagymyz!


Jümle-jahan dillerinde adyňyz,

Galkynan ýurdumyň eziz Ogly Siz,

Berkarar döwletiň bagt nury Siz,

Sag bol, atam - eziz Arkadagymyz!


Dost-dogana dostluk ýolun açdyňyz,

Halkyň halap beýik maksat tutduňyz,

Türkmeniň arzuwyn hasyl etdiňiz,

Sag bol, atam - eziz Arkadagymyz!


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we bu ulgam üçin ýokary  hünärli lukmanlary  taýýarlamak boýunça tabşyrygyna laýyklykda, dünýä lukmançylygynda gazanylýan ösüşler hem-de özgerişler bilen aýakdaş gitmek, okuw binýatlarynyň  gerimini giňeltmek, ýokary okuw mekdebiň okuw we bejeriş işlerine innowasiýalary girizmek, nazary bilimleri amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler geljekde-de dowam etdiriler.

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman  Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşinde ýaň  salsyn!

Mamagül KOŞAKOWA,

 Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk

uniwersitetiniň pediatriýa fakultetiniň II ýyl talyby.