Garaşsyzlyk — halkyň Arşa ganat açmasy

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik  makalalar bäsleşigine

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bosagada dur. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylda hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny giň­den dabaralandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn taýýarlyk işleri uly şatlyk şowhun bilen alnyp barylýar. Garaşsyzlygymyzyň bu şanly senesi türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini hem mertebeliligini şertlendirýär. Garaşsyzlyk bu halkyň Arşa ganat açmasydyr. Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar.Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw- umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy.. Garaşsyzlyk ýyllarynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde jahana ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdirdi. Döwlet Baştutanymyzyň: “Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy” diýip, uly buýsanç bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginde saklanylmagy milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörijilikli ykdysady syýasatynyň hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli ösüş maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýär. Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik ata-babalarymyzyň arzuwlan Watany! Türkmen halky häzirki wagtda öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Çünki milli Liderimiziň berkarar ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. Garaşsyzlyk bu halkymyzyň egsilmejek milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünliklere eýe boldy. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Ata Watanymyzyň, il-günümiziň bu günki ýeten belent derejesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň eçilen miwesidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz düýpli özgerdi we ösüşiň aýdyň ýoluna gadam basdy. Eziz Diýarymyzyň taryh üçin juda gysga wagtyň dowamynda tanalmaz derejede özgeren keşbine, täze gurlan döwrebap obalara, şäherçelere, şäherlere, iri we örän ähmiýetli önümçilik desgalaryna, şeýle-de durmuşyň ähli ugurlaryny galkyndyran ajaýyp işlere nazar aýlasaň buýsanjyň goşalanýar. Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty arşa göterilip, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň derejesine çykmagy başardy. Garaşsyzlyk alyp galkynan türkmen halky şanly toýa täze güýç, batly gadamlar bilen barýar. Özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly barýan Bitarap Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýol geçdi. Adamy jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edýän Garaşsyz we demokratik döwletimiz merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri netijesinde, dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan döwletleriniň hataryna girdi. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, diýarymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga ýardam berýän giň gerimli maksatnamalarymyzyň, düýpli özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanýan ajaýyp üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz häzirki wagtda bütin dünýäde ykrar edilýär. Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.

 Taryha şan goşjak Täze, 2021-nji ýylyň şygaryndan ruhlanyp, ýerli-ýerden has tutanýerli, yhlasly we gujurly zähmet çekeris. Şeýle döwletli-döwrana, eşretli günlere ýetiren milli Liderimize alkyş aýdýarys.

Murat Astanow,

Türkmenistanyň  Daşary  işler  ministrliginiň

Halkara  gatnaşyklary  institutynyň

Halkara  žurnalistikasy  fakultetiniň 

  3-nji  ýyl  talyby.