Wepa GARLYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

 we Informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby( 3 MH-3 ).

-->
Garaşsyz yurdum meniň

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

2021 ýyl – mundan otuz ýyl owal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär. Garaşsyzlyk ýolundaky möhüm wakalaryň arasynda 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistan SSSR-iň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky» Jarnamany bellemek zerurdyr. Jarnama şol döwürde entek SSSR-iň düzümindäki resbublikanyň özbaşdaklygyny yglan eden ilkinji resminamadyr. Jarnama laýyklykda, Türkmenistan SSSR-i özüniň ähli çäginde dolandyryşy doly derejede amala aşyrýan we syýasy we ykdysady gurluşy özbaşdak bellemek hukugyna ygtyýarly milli döwlet hökmünde kesgilenildi.Ýurdumyzdaky indiki möhüm ädim Hökümet tarapyndan 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy hakynda mesele boýunça ählihalk referendumynyň geçirilmegi bolupdy, şonda ýurduň ilatynyň 94%-i garaşsyzlyga ses beripdi.
Referendumyň netijelerine esaslanyp Türkmenistan SSSR-iň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusiýa kanunyny kabul edildi, şol kanunyň esasynda Türkmenistan SSSR-iň serhetleriniň çäklerinde Garaşsyz demokratik Döwlet diýlip yglan edildi.Ýurduň ähli çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň ýokary tutulýanlygy bellenildi. Kanunda şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýokary maksatlaryň — türkmen halkynyň hakyky milli döwletliligine eýe bolmagynyň, milli, jynsy, sosial gelip çykyşyna we dini ynanjynyň tapawudyna garamazdan her bir adama Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, adam hukugynyň Ählumumy jarnamasynda we beýleki halkara hukuk düzgünlerinde göz öňünde tutulan hukuklary we erkinlikleri üpjün etmegiň, kanunyň ileri tutulýan ynsanperwer demokratik jemgyýetini gurmagyň hatyrasyna yglan edilýär». 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Türkmenistanyň Konstitusiýa kanunyna laýyklykda «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Kanunyň ilkibaşdaky beýanatyna birnäçe, şol sanda 27-28-nji oktýabrda bellenýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylygyna degişli üýtgetmeler girizildi, 2018-nji ýyldan Garaşsyzlyk güni 27-nji sentýabr diýlip bellenildi.Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary açan ilkinji döwletleriň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy (06.01.1992), Koreýa Halk Demokratik Respublikasy (10.01.1992), Daniýa Soltanlygy (21.01.1992), Beýik Britaniýanyň Birleşen Soltanlyklary we Demirgazyk Irlandiýa (23.01.1992) bar.
1992-nji ýylyň birinji ýarymynda edil golaý goňşularymyz – Eýran we Owganystan ýaly Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň beýleki döwletleri – Türkiýe Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Saud Arabystan Patyşalygy, Kuba Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Ispaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şwesiýanyň Soltanlygy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Kanada, Hindistan Respublikasy, Italiýa Respublikasy bilen hem diplomatik gatnaşyklar başlandy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäde diplomatik gatnaşyklaryny has-da giňeltdi, şonuň bilen bir hatarda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekillikleri we konsullyklary işleýär. Ýurduň içinde bolsa daşary ýurt döwletleriniň 35 diplomatik wekillikleri we 13 sany halkara guramalarynyň wekillikleri bar.1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde şol döwürde bu Gurama girýän 185 ýurt «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň» ýörite Rezolýusiýasyna biragyzdan ses berdiler. Aşgabatda Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy BMG-niň we Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysalydyr.
BMG-niň dürli düzümleriniň alyp barýan işlerine gatnaşmagyny has-da giňeltmäge çalyşýan Türkmenistan, 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe wajyp bölümleriniň we beýleki iri halkara guramalarynyň merkezi edaralarynyň Ženewadaky bölüminde hemişelik wekilhanasyny açdy.
Şol bir wagtda Türkmenistanyň meýilnamasynda – BMG-niň düzümlerini ýurduň içinde açmagy giňden ýaýratmak göz öňünde tutulýar. Häzirki günlerde biziň ýurdumyz BMG-niň 13 Geňeşiniň, Bölümleriniň we Toparlarynyň düzümine girýär, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek babatdaky bütindünýä hereketine işjeň gatnaşýar.
Bu gün Türkmenistan 47 halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň agzasydyr.
Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylynyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ugruna laýyklykda depginli ösýän özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy.
Ykdysadyýetiň garaşsyzlygyň başyndan bäri üstünlikli goldanýan durnukly ösüşi netijesinde 2012-nji ýylda Bütindünýä banky Türkmenistana girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurt statusyny (Upper Middle Income Country Status) berdi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ädimlerinden toplanan serişdäniň ýokary derejesi saýasynda Türkmenistan resurs ykdysadyýetinden senagat-resurs, dürlüleşdirilen ykdysadyýete geçmek üçin, çig mala baglylygyny gowşatmak maksady bilen, maýa goýma syýasatyny işjeň alyp bardy. Netijede diňe daşary ýurt öndürijileriniň tehnikasy we tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan aýry-aýry has döwrebap kärhanalar däl, eýsem giden pudaklar emele geldi. Ýerli çig malda işleýän dokma senagaty, aslynda täzeden döredildi. Aşgabatdaky “Türkmenbaşy dokma toplumy” Merkezi Aziýa sebitinde iň uly dokma toplumydyr. Bu toplum 2000-nji ýylda ulanylyşa berildi. Onuň şol wagtky bahasy 116 mln ABŞ dollaryna barabardy.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda ýurt metallurgiýa, dag-magdan, nebit we gaz-himiýa, gämi gurluşygy, elektron senagaty ýaly milli ykdysadyýet üçin täze pudaklary döretmek ugrunda ilkinji ädimlerini ätdi. 2009-njy ýylda Owadandepede gurluşyk prokatyny öndürmäge ugrukdyrylan ýurduň ilkinji metal zawody işläp başlady, 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistan Garlyk dag-magdan kombinatyny – kaliý dökünleini öndürýän ilkinji zawody işe girizdi.Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýaş pudaklarynyň biri-de elektron senagatydyr. Ýurdumyzda öndürilýän kompýuterler, smart telewizorlar, smartfonlar, monobloklar, roulterler, split-kondisionerler, LED-lampalaryň dürli görnüşleri onuň önümidir. Geljegiň meýilnamalarynda elektron önümiň diňe içerki däl, eýse daşarky bazara-da niýetlenip ilhalar liniýasyny giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen telekeçileri ýurduň gurluşyk, söwda, APK, hyzmat sferasynda we ş. m. bazarynda agdyklyk edip başladylar. Bu gün ýurtda köp sanly hususy maldarçylyk toplumlar, dokma önümlerini, hojalyk we kompýuter tehnikasyny, gurluşyk serişdelerini, polimer önümlerini öndürýän kärhanalar işleýärler. Döwrüň talabyna laýyklykda ýerli telekeçiler ulanylan plastiki, kagyzy, polietileni, rezini, agajy gaýtadan işleýän we olardan dürli önüm öndürýän kiçi önümçiligi döredýärler.

2021-nji ýylda telekeçiligi mundan beýläk-de goldamak we höweslendirmek, döwlet emlägi bolan desgalaryň we kärhanalaryň hususylaşdyrylmasy, paýdarlar jemgyýetini döretmek, ýurduň ykdysadyýetinde hususy sektoryň paýyny artdyrmak, gymmatbahaly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça düýpli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň wezipelerini kesgitlemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmagy dowam edýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmegiň ýolundaky päsgelçilikleri hem-de çäklendirmeleri aýryp, ykdysadyýetde döwletiň ornuny azaltmaga tarap ugur alyndy.”

Ýurtda telekeçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin täze-täze mümkinçilikler döredilýär, biznesiň kanuny we maliýe goldawy, salgyt ulgamy kämilleşdirilýär, iş adamlaryny hasaba almak we olara lisenziýa bermek we ş.m. işi ýeňilleşdirilýär. Soňky ýyllarda dörän döwlet-hususy hyzmatdaşlyk garaşsyzlyk eýýamynyň ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze bir hadysadyr.
Bu ösüşleriň esasynda Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhammedowyň çeken zähmetleri ýatyr.Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip beren hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaç alsyn.

Wepa GARLYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

 we Informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby( 3 MH-3 ).