Garaşsyz Watanyma-talyp buýsanjy

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

Ýurt abadan, il agzybir bolanda, durmuş ajaýyplaşyp, pursatlar şatlyk-şagalaňa, aý-günler bolsa toý-baýrama utgaşýar, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuw eden erkinligi wysal boldy. Güneşli diýarymyz öz Garaşsyzlygyny ykrar edip,ata Watanymyz uly ösüşler hem-de özgerişler ýoluna düşdi. Milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde döwletimiziň syýasatynda,ykdysadyýetinde asyrlara barabar öňegidişlikler gazanyldy. Oba hojalygynda, nebit-gaz, dokma pudaklarynda, ylym-bilimde, lukmançylykda,senagatda üstünlikli sepgitlere ýetmek bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygy ýylsaýyn artdy. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda iň çalt depginlerde ösýän hem-de ilatyň ýaşaýyş-dur-muş şertleriniň has oňaýlylygybilen tapawutlanýan döwletdir. Bilim almagyň kämillik dünýäsinde öz ornuňy tapmakdygyna kemsiz düşünen ata-babalarymyz ''Bilimli il ozar'' diýen atalar sözüni ýöne ýere döretmändirler. Dünýäň syrlaryny açmaga, bilimlere teşnelik türkmeniň asyl häsiýetinde bar. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji gol çeken Permany ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri girizmek hakynda bolmagam il-günüň gyzgyn goldawyny tapdy. Bilim ulgamynyň agramly bölegi bolan ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň okuw terbiýeçilik işine uly özgerişlikleriň girizilmegi halk hojalygyna zerur bolan hünňrmenleri kämil derejede taýýarlamak meselesine ulu ähmiýet berilýändiginden habar berýär. Hünär bilimindäki iri möçberli özgerişlikler ýokary okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik işinde dünýä tejribesini giňden ulanmagy, berilýän bilimiň hümmetini durmuşyň talaplaryna laýyklykda kesgitlemegi we başga-da birnäçe ugurlary öz içine alýar. Ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda internet merkezleriniň ,ylmy-barlag edaralarynyň,amaly-synag bölümleriň,aspiranturalaryň hem doktoranturalaryň açylmagy talyp ýaşlara ylym dünýäsine giň ýol açýar. Türkmen ýaşlaryna çyn Howandar çykan hormatly Prezidentimiziň aýdan her bir sözüni,öňe süren täze özgerişlikler syýasatyny biz ýaşlar özümiziň ykbal ýolumyz diýip kabul edýäris, sebäbi bu ýagty ýollar Türkmenistana-da,türkmen halkyna-da biz ýaşlara-da bütin dünýäni edil kitap açan ýaly açýar. Ony okamak nesibesem biz ýaşlar üçin elýetmez mertebedir.

Ýüzümiziň tuwagy,başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir,bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr.Bu gün Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýan erkana ýurdumyz toý lybasyny geýnip, hasam gözelleşdi. Halkymyzyň ykbalyny galkyndyran, Watanymyzyň şöhradyna şan goşan bu dabaraly sene diýarymyzyň her künjeginde uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Men hem hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy şu mukaddes baýram bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Hak Allanyň nazary düşen türkmen topragynda toýlaryň toýa ulaşmagyny, abadan ilimiziň asmanynyň asuda bolmagyny, ýurdumyzda agzybirligiň höküm sürmegini arzuw edýärin. Ata-babalarymyzyň arzylan Garaşsyzlygyny,  hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen watansöýüjiligini, halal lebzi hem päk ahlagy dowam etmekde biziň üçin döreden ajaýyp şertleriňiz üçin Taňry ýalkasyn, mähriban Prezidentimiz! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Siziň her sözüňizi bagt kelamy hökmünde kabul edýän türkmen ýaşlary öňe sürülýän döwletli özgerişlikleriň baky rowaçlanmagy üçin janyny aýaman okajakdyklaryna, işlejekdiklerine, döretjekdiklerine ynandyrmaga rugsat ediň!


Ogulmaral ALLAÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika 

institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş 

 fakultetiniň “Amaly informatika-1” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.