“Energetika diplomatiýa” boýunça möwsümleýin okuwy tamamlandy

2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Energetika diplomatiýasy” ugruna degişli tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda, 2022-2023-nji okuw ýylynyň 1-nji ýarym ýyllygynda dowam eden fakultatiw okuw sapaklarynyň ilkinji tapgyry ýokary derejede tamamlandy.

Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. “Energetika diplomatiýa” ugry boýunça guramaçylykly geçen okuw sapaklaryna gatnaşan diňleýji talyplara ýörite Şahadatnamalar gowşuryldy.


Oguzhan PIRIÝEW

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.