Derwaýys meselelere bagyşlanan maslahat

2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren okuw sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary ýurtlardaky diplomatik wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri we institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Täsirli geçen maslahatyň dowamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyldy.

Bu maslahaty institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew alyp bardy. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, onlaýn arkaly Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi Nury Amanmyradow, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär kätibi Çynar Rüstemowa, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň geçiren okuw sapagyna gatnaşan mugallymlardyr talyplar çykyş etdiler.

Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillere ylymly-bilimli, watansöýüji, häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri baradaky aýdan parasatly öwüt-ündewleriniň her bir talyp üçin ýörelge bolmalydygy bellenilip geçildi. Şeýle hem ýaşlaryň öňünde goýlan bu wezipeleriň we maksatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrundaky birnäçe derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýän, eziz Diýarymyzy ylym-bilim ýurduna öwürmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize buýsançly sözler belentden ýaňlandy.

 

Tawus AKJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.