Adam hukuklarynyň Halkara gününe bagyşlanan ylmy makala ýazmak boýunça bäsleşik!

Ýurdumyzda demokratik we hukuk döwletini döretmek, ony ygtybarly dolandyrmak işinde adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň berkarar edilişine, goralyşyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistan adam hukuklary çygryndaky esasy Konwensiýalaryň köpüsine goşuldy we beýleki halkara hukuk resminamalaryna goşulmak we olary milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyz adam hukuklary bilen meşgullanýan köp sanly halkara guramalarynyň doly hukukly agzasy bolmak, bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek bilen, öňde goýulan wezipeleri doly berjaý etmekde we halkara tejribesinde öz goşandyny goşmakda uly işleri amala aşyrýar. Ýokary okuw mekdeplerinde adam hukuklary boýunça bilimi özleşdirmek we ylmy taýdan öwrenmek işleri has hem kämilleşdirilýär. Bu işleri halkara tejribesine laýyklykda alyp barmakda halkara guramalary aýratyn orny eýeleýär. 

2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde Adam hukuklarynyň Halkara gününe bagyşlanan ylmy makalalary ýazmak boýunça ýokary okuw mekdeplerinde halkara hukugy dersini okaýan talyplaryň arasynda yglan eden bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bu bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady, halkara hukugy hünärinde okaýan talyplaryň adam hukuklary babatdaky bilimlerini artdyrmak, ylmy taýdan öwrenmeklige ugrukdyrmak hem-de gelejekde adam hukuklaryny goramakda hünär endiklerini kämilleşdirmek bolup durýar. Bu bäsleşige ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hukukçy talyplary, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplary gatnaşyp,  abraýly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan talyplar esasan adam hukuklary düşünjesiniň ähli ugurlary boýunça gurşap alýan temalar boýunça, hususan-da adam söwdasy, sanly ulgamda adamyň hukuklarynyň goralyşy, bilim ulgamynda adamyň hukuklary, adam hukuklarynyň halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrylyşy, adam hukuklaryny düzgünleşdirmek boýunça sebitdäki orny ýaly temalar boýunça ylmy makalalary ýazmak bilen öz pikirlerini we tekliplerini beýan etdiler. Bäsleşikde ylmy makalalarda aýratyn jemleýji netijleri görkezip Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýbölek Amangeldiýewa 1-nji orna, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyby Hatyja Döwletnazarowa, 4-nji ýyl talyby Jahan Öräýewa hem-de 5-nji ýyl talyby Töfe Hoşanowa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde işjeňlik görkezen Halkara hukugy fakultetiniň beýleki talyplary hem höweslendiriji baýraklara, ýadygärlik sowgatlaryna hem-de hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara hukugynyň pudaklary bilen baglanyşykly geçirilýän bäsleşiklere mugallymlaryň we talyplaryň işjeň gatnaşmagy, olaryň halkara hukugy boýunça bilimleriniň has hem artmagyna we kämilleşmegine uly ýardam berýär.


                                                        Merjen GURBANNAZAROWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

kafedrasynyň uly mugallymy