Bütindünýä çörek güni

Her ýylyň 16-njy oktýabry Bütindünýä çörek güni we aşpezler güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 2006-njy ýylda Halkara çörek bişirijiler birleşiginiň  başlangyjy bilen döredildi. Bu senäniň saýlanmagy,  1945-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň,  Azyk we Oba hojalygy guramasynyň döredilmegi bilen baglanyşykly.  Bu gurama oba hojalygynyň ösüşi we önümçiligi  meselelerini çözmek bilen meşgullanýar. 

Dünýäde iň meşhur iýmitleriň biri, elbetde çörekdir. Çöregiň taryhy birnäçe müňýyllyklardan öz gözbaşyny alyp gaýdýar.

Ylmy barlaglara görä, ilkinji çörek önümleri takmynan 8 müň ýyl mundan ozal peýda bolupdyr.  Ilkinji hamyrmaýa çöregi Müsürde taýýarlanýar.  Şol döwür hem çörege örän uly  hormat goýulýardy. Häzirki wagtda, çörek we çörek önümleri dünýäniň her ýurdunda uly mukeddeslige deňelýär. Çörek saçagyň görki hem-de, bezegi bolup  durýar. Çörek hakdaky nakyllara ser salsak:  “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözi ýokmydy” , “Ata çöregi-meýdan çöregi”, “Ogul çöregi- zyndan çöregi”, “Çörek berip çökerer, hörek berip kökerer”, “Çörekli oglan söýmäge ýagşy”ýaly türkmen nakyllaryndan görnüşi ýaly biziň halkymyzda hem çörek mukaddes hasaplanylýar.

Bütindünýä çörek gününde kop ýurtlarda dürli çörek önümleriniň sergileri, aşpez hünärmenleriniň festiwallary, şeýle hem mätäçlere çöregi mugt  paýlamak we haýyr sahawat işleri alnyp barylýar. Bu baýramçylykda diňe bir çörek we çörek önümlerini taýýarlamak däl, eýsem çöregiň nähili peýda bolandygyny, taryhyny we däp-dessurlaryny, nämeden taýýarlanýandygy, nirede  dörändigini, nähili bişirilişi hemmäniň ünsüni özüne çekip, şu baýramçylykda  giňden öwrenilýär.

 

Nowruz  KURBANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara 

 žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.