Bütindünýä bosgunlar güni mynasybetli onlaýn okuw sapagy

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasynyň” çäklerinde Bütindünýä bosgunlar güni mynasybetli Bosgunlaryň hukuklary we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHCR) wezipeleri boýunça iňlis dilinde onlaýn okuw sapagy geçirildi.

Bu okuw sapagyna Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri bäsleşiginiň ýeňijileri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. Degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileriniň bilimini artdyrmak maksady bilen iňlis dilinde geçirilen bu onlaýn okuw sapagynda bosgunlaryň hukuklaryny goramakda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHCR) işi we halkara hyzmatdaşlygyň orny barada tanyşdyryldy.


Ýupar EGIRJÄÝEWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary 

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.