Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagy

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi halkymyzyň ýagşy pälinden, hoşniýetliliginden gözbaş alýar. Müňýyllyklardan päri parahatçylyga söýgi, dost-doganlyk gantaşyklaryna sarpa ata-babalarymyzdan nesillere arkama-arka  geçip tutuş milletiň ykbalynda öz dowamyny tapýar.Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen türkmen halkymyz özüniň dostana, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ýer ýüzünde dabaralandyrmaga, döwletleriň arasynda parahatçylygy berkidýän ylalaşdyryjy merkeze öwrülmäge hukuk gazandy.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletimiziň Bitaraplyk taglymaty dünýä ýagşy päl, ýagşy niýet, ynsanperwerlik bolup ýaýylýar. Türkmen bitaraplygy bu gün giň zeminde parahatçylygy, howpsyzlygy berkarar etmäge öz mynasyp goşandyny goşup, dünýä döwletleriniň arasynda hoş niýetli gatnaşyklaryň barha giň gerim almagyny rowaçlandyrýar.

Ähli halklar, adamzat üçin  Älemde iň uly bagt pu parahatlyk bagtydyr. Parahatlyk ýüreklere ynam, göwünlere ýylylyk, ojaklara egsilmez döwlet paýlaýan hem-de ösüşlere tizlik berýän güýçdür.Döwlet Baştutanymyzyň dünýä halklaryny dost-doganlyga, parahatçylyga çagyrýan belent pikirleri, ynsaprewerlige ýugrulan beýik işleri we bu ugurda gazanan syýasy diplomatik üstünlikleri Hormatly Prezidentimiziň  dünýäde parahatçlygy berkarar etmäge yzygiderli goşandyny goşýan Syýasy Liderdiginden habar berýär.  Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly amala asryýan daşary syýasaty netijesinde Hemişelik Bitaraplyk derejämiziň halkara abraýy indi yzygiderli artýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Sebit boýunça Öňüni alyş we ylalaşdyryjy merkeziň açymagy, BMG-niň agza döwletleri tarapyndan hemişleik Bitaraplyk derejämiziň ikinji ýola ykrar edilmegi, bütin dünýäde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edilmegi türkmeniň Bitaraplyk taglymatynyň dünýäde barha dabaralanýandygyndan habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen ýurdunyň dünýä parahatçylyk ýaýradyjy,  hoşniýetli gatnaşyklary berkarar edip, dost-doganlygy berkidiji ýurtdugyny bu gün giň dünýä jemgyýetçiligi, abraýly halkara guramalar, syýasatçylar ykrar edýär. Munuň şeýledigini geçen ýylda BMG-iň Baş assambleýasy tarapyndan gelip gowşan hoş habar  aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Şol hoş habaryň mazmunyna görä Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edildi.

Gahryman Arkadagymyzyñ parasadyy bilen  durmuşa geçirýän hemişelik Bitaraplyk taglymatynda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli syýasatynda  dünýäniň asuda geljegine, halkaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik maksatlar bar. Şol beýik maksatlar bilen halkymyzy ýagşydan-ýagşy, ýagtydan-ýagty günlere ruhlandyryp öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun! Adamzadyň bähbidine , ynsanperwrelige ýugrulan beýik işleri mydama rowaç alsyn!

 

Çynar ŞATLYKOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň

“Türkmen dili we edebiýaty” hünäriniň 

 II ýyl talyby