Bagtyýarlygyň binýady — Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganatydyr. Şol goşa ganaty jebisleşdirýän, halkymyzyň bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy üçin mümkinçilikleri döredip berýän hem Gahryman Arkadagymyzdyr.

Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmatlygydyr. Türkmeniň Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ruhy mirasyň özen-örkünden maýa alandyr.

Türkmen Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen amala aşyrylan beýik işler, ýetilen sepgitler asyrlara barabar döwletli tutumlardyr. Garaşsyzlygymyzyň esaslarynyň pugtalandyrylmagynda, Garaşsyzlyk nesliniň kemala gelmeginde, ilkinji nobatda, ylmyň-bilimiň orny uludyr. Ylmyň-bilimiň döwrebap ösüşi ähli döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. Garaşsyzlyk nesli bolsa, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly, milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýärler. Şeýle hem, Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir. Halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly subýekti hökmünde Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ilkinji binýadyny goýdy. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen Türkmenistan daşary syýasatynda öz alyp barjak ugruny anyk beýan etmäge mümkinçilik aldy. Döwletimiziň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş etmek ýaly belent ynsanperwer ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzdi. Şunlukda, Garaşsyzlyk türkmen Bitaraplygyna açylan nurana ýoldur. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň taryhy Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň ençeme gezek wise-başlyklygyna saýlanmagy, milli Liderimiziň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlarynyň biragyzdan goldanyp, degişli Kararnamalar bilen berkidilmegi hem doly tassyklaýar.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk döwlet bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde agzybirligi, asudalygy amal etmek Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz ynsanperwer syýasatyny ýöretmek asyly işleri üstünlikli berjaý edýär. Biziň ýurdumyz dünýäde we sebitde parahatçylygyň howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Diýarymyzyň dünýä ýaň salmagy, halkara abraýynyň artmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Şasenem HAÝTBAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.