Astrahan döwlet uniwersitetiniň guran ylmy maslahaty

2021-nji ýylyň 23-24-nji noýabry aralygynda Astrahan döwlet uniwersiteti Astrahan Pýotruň okaýyşlary: “Pýotr I we imperiýanyň serhet tejribesi” atly VI Halkara ylmy maslahatyny geçirdi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Maslahatyň  birinji gününde Astrahan döwlet uniwersitetiniň Russiýanyň taryhy kafedrasynyň dosenti Aliýew Rastýam Tuktarowiç leksiýa bilen çykyş etdi. Çykyşynyň dowamynda mugallym “Ylmy işgäriň durmuşy: nädip ylmy žurnallarda öz makalaňy çap etmeli?” diýen meselä giňişleýin düşündiriş berdi.

Maslahatyň ikinji gününde Altaý döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş kafedrasynyň dosenti Boçkarewa Irina Borisowna, Altaý döwlet uniwersitetiniň resminama öwreniş, arhiw öwreniş we taryhy informatika kafedrasynyň dosenti Tarasowa Ýelena Wladimirowna we beýlekiler çykyş etdiler.  Maslahatda  Türküstanyň we Sähralyk ýerleriň şäherleşme ýagdaýy, Sähralyk ýerlerdäki we Türküstandaky  agrar syýasatynyň − serhedi döwrebaplaşdyrmak guraly hökmündäki ähmiýeti, 1880-1910 ýyllardaky döwrebaplaşma özgerişleriniň Sähralyk ýerleriniň we Türküstanyň bilim ulgamynyň ösüşine täsiri barada,  şeýle-de rus taryhyndan Pýotr I döwründen gyzykly maglumatlary we wakalary gürrüň berdiler.

Gülruh GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.