Adam hukuklaryna bagyşlanan ýaşlar festiwaly

2021-nji ýylyň 8-9-njy dekabrynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynyň edara binasynda adam hukuklaryna bagyşlanan ýaşlar festiwaly geçirildi. Festiwala BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebitleýin wekili Rişard Komenda, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň ýaşlar bilen baglanyşykly milli maksatnamalar boýunça utgaşdyryjysy Ýuliýa Wotslowa, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň milli maksatnamalar boýunça utgaşdyryjysy Ýelena Butowa, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we beýlekiler gatnaşdylar. Festiwala gatnaşyjylar BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasy, adam hukuklary, sanly dünýäniň adam hukuklaryna ýetirýän täsirleri, halkara tejribesi, ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan nusgalyk işler boýunça çykyş etdiler, şeýle hem bu ugur boýunça düşünjeleri has-da artdyrmak maksady bilen dürli bäsleşikler guraldy.


Serdar RAHIMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

 Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi.

https://turkmenportal.com/tm/blog/42346/v-turkmenistane-opredelilis-pobediteli-konkursa-posvyashchennogo-mezhdunarodnomu-dnyu-prav-cheloveka