ÄHLIHALK ÝOWARYNA IŞJEŇ GATNAŞYLDY

 2021-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýurdumyzda ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen Ählihalk ýowaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işgärler düzümi hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar.

 Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çagyryşlaryna ruhubelentlik bilen seslenen ählihalk çäresine gatnaşyjylar ýowar güni paýtagtymyzyň “Zelili” seýilgähiniň, Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň, 72-nji we 78-nji çagalar baglarynyň we institutyň çäklerindäki bagy-bossanlykda ösüp oturan baglara ideg etdiler, agaçlaryň düýplerini agardyp, haşal otlary aýryp, tarp ýerleri depdiler. Olar şeýle hem abadançylyk işlerini ýerine ýetirdiler.

 Ýowaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň bagy-bossanlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolýan çärelere geljekde hem işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.


Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.