7-nji sentýabr “Gök Asman üçin arassa howa” güni

Adamzat hemişe sagdyn ýaşamagyň arzuwynda, çünki saglyk ynsana berlen peşgeşdir, bedeniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýydyr. Meşhur alym Lukman Hekim “Eger çaň-tozan bolmadyk bolsa,adamlar müň ýaşardy” diýip belläpdir. Bu b olsa tebigatyň, arassa howanyň adamyň saglygy üçin möhümdigini ýene bir gezek tekrarlaýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden 74/12 Rezolýusiýasyna laýyklyda 7-nji sentýabry halkara howa güni diýip yglan etmek we 2020-nji ýyldan başlap bu şanly senäni her ýyl belläp geçmek kararyna geldi.

Arassa howa güni ähli derejelerde jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak we ýurtlary howanyň hapalanmagyna garşy göreşmäge çagyrmak üçin yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy öz karary bilen arassa howanyň adamlaryň saglygy we gündelik durmuşy üçin iň çynlakaý howpdygyny aýtdy.

Howanyň hiliniň ýokarlanmagy howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça edilýän tagallalar howanyň hiliniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Ýurdumyz arassa howa giňişligini berkarar etmek maksadyna eýerip, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw goramak maksatnamasy bolan ÝUNEP bilen hem özara işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Milletleriň dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly 4 sany global Konwensiýasy- Biologik dürlülik hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, Çölleşmäge garşy göreş hakyndaky, ozon gatlagyny weýran ediji jisimler hakyndaky Konwensiýalary hereket edýär. Bu konwensiýalaryň esasynda ýurdumyzda “Tebigaty goramak hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Howa giňişligini goramak hakynda”, “Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda” we başgada ençeme kanunlar kabul edilip, Watanymyzda arassa howa giňişligini üpjün etmek maksady bilen daşky gurşawy goramak işi döwlet ähmiýetli derejä göterildi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň işgärleriniň barlagy arassa howanyň adam ömrüni uzaldýandygyny ýüze çykardy. Halkara guramanyň maslahatlarynyň çäklerinde global derejede howanyň hapalanmagynyň öňüni almagyň adamlaryň ortaça ömrüni 2,2 ýyl artdyrjakdygy bellenilýär. Çikago uniwersitetiniň taýýarlan maglumatlarynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň standartlaryna gabat gelýän global üýtgeşme durmuşa geçirilende, Ýer ýüzündäki adamlaryň ählisine oňyn täsir etjekdigi bellenilýär.

“Halkara arassa howa we gök asman güni” diýen täze şanly senäniň adyndaky “arassa howa” we “gök asman” sözleri hem ynsan saglygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan düşünjäni aňladýar. Ýagny “arassa howa” sagdyn durmuşy, “gök asman” sözi bolsa parahat ýaşaýşy ýaşaýşy alamatlandyrýar. Bu baýramçylyk her bir ynsanyň saglygy babatda edilýän çäksiz tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup alamatlanýar.

Beggeldi Gutlyýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 hukugy fakultetiniň talyby.