18-nji sentýabr - Bütindünýä suw gözegçiligi güni

Suw – ýaşaýşyň çeşmesi

2003-nji ýyldan bäri her ýylyň 18-nji sentýabrynda dünýä halklary tarapyndan bellenilýän Bütindünýä suw gözegçiligi güni ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan 1972-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda “Arassa suw hakyndaky” Kanunynyň kabul edilen senesi mynasybetli bellenilmegi meýilleşdirilýär. Bu resminama  milli suw baýlyklaryny dikeltmek we goramak meselelerine bagyşlanyp, Amerikanyň arassa suw gaznasy tarapyndan başy başlanan ekologiki dynç alyş we ýeriň suw baýlyklarynyň meseleleri barada bilim maksatnamasyna öwrülýär. Bu maksatnama, ýerli suw desgalarynyň ýagdaýyna esasy gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär hem-de Suw gurşawy Federasiýasy we Halkara suw birleşigi tarapyndan goldanýar. Däp bolşy ýaly, bu günde adamlaryň we janly-jandarlaryň ömri üçin planetamyzyň dürli ýerüsti suw desgalaryndan arassa suw alynýar. 

Ýerüsti suw gözegçiligi munuň özi zyýan beriji hadysalary wagtynda kesgitlemek, olaryň ösüşini çaklamak, zyýanly netijeleriň öňüni almak we ýerüsti suwlary tygşytly ulanmaga we goramaga gönükdirilen çäreleri kesgitlemek üçin suwuň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmekden ybaratdyr.

Wagtyň geçmegi bilen bu Halkara güni beýleki ýurtlarda hem bellenilip, onuň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Emma käbir döwletlerde  suw howdanlaryndaky suwlaryň doňýanlygy sebäpli, bu sene bir aý öňe süýşürilýär.

Her ýylda bellenilýän Bütindünýä suw gözegçiligi güni ýylsaýyn köp adam gatnaşýandygy bilen tapawutlanýar.  WWMD web sahypasynyň habar bermegine görä, 2011-nji ýylda dünýäniň 77 ýurdundan 340 müň adam bu günki çärä işjeň gatnaşan bolsa, häzirki wagtda dünýäniň 146 ýurdundan 1,6 million adam suw howdanlaryna gözegçilik edýär.

Suw – ýaşaýşyň çeşmesi. Adamzat hemişe arassa suwa mätäç. Sebäbi adam bedeniniň 3/4 bölegi suwdan ybarat. Suwuň hiline bildirilýän talaplar adamlary patogen bakteriýalardan we wiruslardan goramaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin onuň hiline üns bermek planetanyň her bir ýaşaýjysynyň saglygy we uzak ömri hakynda edilýän möhüm aladalaryň biridir.

 

 Ýulduz ASTANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň II ýyl talyby.